Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

NESIL DOWAMATY — ENE MERTEBESI

Nesil terbiýesi, ýaşlaryň geljegi hakda aladalar ata-eneleriň perzentlerine bolan çuňňur söýgüsinden başlanýar. Olar öz perzentleriniň hemmetaraplaýyn edilýän talaplara laýyk gelýän adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda çaganyň dünýä inen ilkinji gününden alada edip başlaýarlar.

Çaga dünýä gelip, gözüni açyp, ilkinji nobatda, enäniň mahirli gujagynda, mylaýym elleriniň aýasynda ezizlenýär. Şoňa görä hem ynsany ynsan derejesine ýetirýän, oňa ilkinji edep-terbiýe berýän, özara gatnaşyklaryň ýakyn bolmagyny öwredýän, durmuşa taýýarlaýan hem enedir.

Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan bäri jemgyýetde we maşgalada ata bilen ogluň, ene bilen gyzyň arasynda özara sylaşyk, ula hormat, kiçä sarpa goýmak ýaly nesli kemala getirmegiň ýol-ýörelgeleri, edim-gylymlary, tärleri kemala ge- tirilipdir. «Edebiň ýagşysy — ulyny syla, ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz» diýen parasada uýmak bilen, halkymyz gadymy döwürlerden bäri çaga edep-terbiýäniň, görüm-göreldäniň mekdeplik nusgasyny görkezip gelipdir.

Geçmişe ser salanyňda, ynsanyň dowamaty bolan çaganyň, esasan hem gyz çaganyň terbiýesi barada näderejede uly alada edendigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gyz maşgalanyň görkünden öň edebi gözüňe ilýär. Şonuň üçin hem halkymyzda gyz maşgalanyň edebine has-da uly üns berlipdir. Gyz perzentleriň edep-ekramly, eli işli, mylaýym häsiýetli bolup ýetişmegi üçin alada edilipdir. Asylly gyzlarymyzy bezeýän ajaýyp sypatlar enelerimiziň durmuş mekdebinde toplan tejribesiniň nesillere ge- çen nusgasydyr. Halkymyzyň çagany terbiýelemek boýunça baý edebi mirasy bar. Halkymyza mahsus bolan pespällik, rehimdarlyk, ýüregi arassalyk ne- silden-nesle geçip, baýlaşdyrylyp, biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Milletimiz çagany näçe eziz görse-de, ol barada näçe alada etse-de, onuň terbiýesini iň esasy orunda goýýar. Çaganyň bagtyny diläp, ony gözden-dilden penalaýar, ýakymsyz täsirlerden goraýar. Watana, ene topraga, ata-enä söýgi, wepadarlyk ýaly mukaddes düşünjeleri kalbyna guýýar.

Her bir maşgalada dünýä inen çaga şol maşgalanyň edep kadasy, görüm-göreldesi bilen ulalýar. Maşgaladaky görelde çaga uly täsirini ýetirýär, şonuň üçin hem çaganyň öz ene-atasyna öýkünesi, olara meňzasi gelýär. Edep-ekramly, abraýly maşgalada önüp-ösen, oňat terbiýe alan çaganyň özüni alyp barşy hem üýtgeşik bolýar.

Her bir ene-ata öz çagasyna şahsyýet hökmünde garap, oňa pikirlenmäge, oýlanmaga, öz ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge goldaw berip, özünde ynam döretme- lidir. Perzent ynsanyň ömrüniň ahyryna çenli ykbalyňa röwüş çaýyp, göwün guşuna ganat berýär. Çagasynyň üstünligine guwanmak, onuň haýsy hem bolsa bir işe yhlas bilen ýapyşyp, şol işi bitirişini synlamak ene-ata üçin uly bagtdyr.

Hormatly Prezidentimiz özüniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde ene mertebesi barada: «Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz uly mahir bar. Eneler öz mähri bilen öý-ojagyň abadanlygyny, il-ulsuň abatlygyny üpjün edýärler. Enelere hormat goýmak ýag- şylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir» diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň ileri tutul- ýan ugry hökmünde eneligi we çagalygy durmuş taýdan goramak babatda anyk wezipeleri kesgitledi. Ýurdumyzda Ene mähri merkezleri döredilip, olarda enäniň saglyk ýagdaýynyň kadaly bolmagy we çaganyň sagdyn dünýä inmegi, olaryň saglygynyň goralmagy üçin ähli şertler döredilýär. Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzda halkymyzyň ata-babalarymyzdan gaýdýan ruhy-ahlak kadalaryny, edim- gylymlaryny, däp-dessurlaryny pugtalandyrmak, ösdürmek işinde, ösüp gelýän ýaş nesli öz Watanyna söýgi we hor- mat goýmak ruhunda terbiýelemekde aýratyn hyzmatlary bitiren zenanlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglaýar, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakýar. Her ýyl ýurdumyzda Halkara ze- nanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk uludan tutulýar. Bu baýramçylykda köp çagaly enelerimiziň birnäçesiniň Aşgabat şäherindäki ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý- ary bilen üpjün edilmegi, çagalar bagynda terbiýelenýän gyzjagazlardan başlap, uly ýaşly mähriban eneleri- mize çenli baýramçylyk sowgadynyň gowşurylmagy baýramçylyk dabaralaryna has-da şowhun eçilýär. Bu ajaýyp dabaralar türkmeniň ruhy mizemezliginiň, mukaddesliklere ygrarlylygynyň alamatydyr. Maşga- la mizemezliginde, berkliginde, terbiýeçilik işlerini, wagyz-nesihat çärelerini geçirmekde ýurdumyzyň jemgyýertçilik guramalarynyň hem ähmiýeti uludyr. Bu gün Türkmenistanyň ähli edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda zenanlarynyň müňlerçesi zähmet çekýär. Ýurdumyzda jemgyýetçilik guramalarynyň möhüm wezipeleriniň ugurlary maşgala mukaddesliklerini berkitmekden, zenanlaryň zähmet we jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmakdan, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olarda milli ruhy gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza söýgi döretmekden ybaratdyr. Arkadag Prezidentimiz halal ojaklarymyzyň wepadar eýeleri bolan zenanlarymyzy döwletimiziň hem jemgyýetimiziň mizemez daýanjy hasaplaýar.

Şu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özümize bildirilýän ynama jogap edip, ýaş nesle görelde bolup, olaryň ilhalar adamlar bolup itişmegi üçin yhlasymyzy, başarnygymyzy gaýgyrmaly däldiris. Biz zenanlar bu edilýän bimöçber aladalar üçin mahriban Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Goý, ajaýyp ýurdumyzda her bir ata-ene öz perzendiniň raýyna, bagtyna guwansyn! Bagtyýar maşgalalarymyzyň ünde çagalaryň gülki sesleri eşidilsin, enelerimiziň my- laýym hüwdüsiniň şirin owazy belentden-belent ýaňlansyn!

 

Gözel AÝNAZAROWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kafedra müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.