Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖZGERTMELERIŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda golaýda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunçylygyny kämilleşdirmegiň ýollary» atly şygar astynda okuw maslahaty geçirildi. Üstümizdäki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda TKA-nyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de kämilleşdirmek, zähmet kanunçylygynyň düzgünlerini berjaý etmek, şeýle hem ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň wezipelerini we maksatlaryny wagyz etmek maksadynda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary, edara-kärhanalaryň işgärler bölüminiň jogapkär işgärleri, hukuk gözegçileri, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, TKA-nyň Milli merkeziniň KA-nyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri, ýuridiki ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan ýuristi Myrat Haitow, KA-nyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň baş tehniki gözegçisi Gurbanmyrat Nyýazlyýew, il sylagly ýaşuly Öregeldi Kullaýew dagy çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda başy başlanan konstitusion özgertmeleriň täze zamanamyzy rowaçlandyrmak hem-de döwrüň talaplaryna amal etmek maksadyna gönükdirilendigini, ony durmuşa geçirmek babatdaky öňde goýlan wezipelere kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hem işjeň gatnaşýandyklary, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, işgärler üçin howpsuz zähmet we amatly iş, dynç alyş şertlerini guramak, önümçilikde ýüze çykýan betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak barada täsirli gürrüň etdiler. Okuw maslahatynyň dowamynda gün tertibinde seredilen meseleler boýunça sowal-jogap alyşmalar guraldy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.