Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BITARAPLYGYŇ BAHARY

Eziz Diýarymyzda bahar paslynyň gelmegi bilen täzelenişiň baýramy hasaplanylýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni» giňden bellenilip geçilýär. Bu babatda ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynda edilýän işler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň bedew bady bilen ösmegine özüniň saldamly goşandyny goşýan «Türkmenhowaýollary» agentliginiň agzybir işgärleri hem bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli dabaralary geçirdiler. Ýakynda, Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň KA-nyň Geňeşi tarapyndan «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde Milli bahar baýramy bilen baglanyşykly «Bitaraplygyň bahary» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli däp-dessurlaryny ösdürmek, ene-mamalarymyzyň gadymdan gelýän el hünärine ýaşlarda höwes döretmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen bu çärede talyp gelin-gyzlar el işleriniň dürli

görnüşlerini we milli tagamlary taýýarlap, saçak bezemek boýunça bäsleşdiler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumynda amala aşyrýan beýik işleri pudakda zähmet çekýän işgärleriň kalbynda Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanç hem-de hoşallyk duýgularyny joşdurýar, bagtyýar durmuşymyzyň eşretine guwanyp ýaşamaga, eziz Watanymyzyň abraýyny has-da ýokary götermäge, yhlasly zähmet çekmek bilen döredijilikli ylmy gözlegleri alyp barmaga egsilmez ylham, güýç-gaýrat berýär.

Şeýle-de bu dabaranyň dowamynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Laçyn» folklor toparynyň şowhunly çykyşlary, Türkmenistanyň Milli muzeýiniň amaly-haşam sungaty eserleriniň göçme sergisi hem bu dabara aýratyn öwüşgin berip, onuň täsirliligini has-da artdyrdy. Dabara gatnaşyjylar ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän eziz Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Batyr Garaýew, Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.