- TM
- RU
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, jemgyýetimizde täze üstünlikleri gazanmakda, ýurdumyzda oňyn ýörelgeleriň ösdürilmeginde, nesil terbiýesinde jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň alyp barýan işleriniň möhüm orny bar.
Gahryman Arkadagymyz üstümizdäki ýylyň 26-njy fewralynda döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak maksady bilen geçiren maslahatynda jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdi. Şol maslahatda zenanlar guramalary, uly güýje eýe bolan kärdeşler arkalaşyklary jemgyýetimiziň güýç-kuwwatyny, her bir adamyň döredijilik mümkinçiliklerini öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge gönükdirmek üçin ähli tagallalary etmelidir diýip, ýurt Baştutanymyz belledi.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylda hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň öňünde goýan wezipelerinden hem-de tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurd umyzy ň içeri we daşary syýasatda alyp barýan işlerini, ýurt Baştutanymyzyň il-ýurt, bütin adamzat ähmiýetli başlangyçlaryny mynasyp wagyz etmekde, zähmetkeşleriň hukuklaryny goramakda, olaryň medeniýetli dynç alşyny guramakda önjeýli işleri durmuşa geçirýärler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklar boýunça Geňeşleriniň, olaryň welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň işjeň agzalary bu ugurda iş alyp barmakda bilim-düşünjelerini has-da artdyrmak üçin iş alyp barmagyň usullaryny özara tejribe alyşmak arkaly kämilleşdirip durýarlar. Şeýle maksat bilen, golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde okuw maslahaty geçirildi. «Şanly Bitaraplyga — batly gadamlar bilen» atly bu okuw maslahatyny Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň hem-de Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşleri guradylar. Birnäçe gün dowam eden bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň hem-de Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary, geňeş agzalary, derňew toparynyň agzalary we işjeňleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny barada, «Türkmenistanyň zähmet kodeksi», kärdeşler arkalaşyklarynyň gündelik işinde ýüze çykýan sowallar hakynda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda kärdeşler arkalaşygynyň işini döwrebap guramak hem kämilleşdirmek, zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk çäreleriniň geçirilişi barada çykyşlar edildi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklar boýunça Geňeşleriniň ilkinji guramalarynda hasabat resminamalarynyň alnyp barlyşy, olaryň tertipnamalaýyn ýöredilişi hem-de TKA-nyň sebit birleşmelerinde we ilkinji guramalarynda alnyp barylýan derňew işleri barada maglumatlar, ýöredilýän resminamalar we agzalyk tölegleriniň ýygnalyşy barada tejribeler alşyldy.
Şeýle-de «Şanly Bitaraplyga — batly gadamlar bilen» atly okuw maslahatynyň çäginde maslahata gatnaşanlar bilen hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty, ýurdumyzda Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylyşy, Diýarymyzy ekologiýa taýdan arassa saklamak, bagy-bossanlyga öwürmek hem-de daşky gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler dogrusynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlikler guraldy.
Bulardan başga-da, okuw maslahatyna gatnaşanlar Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşiklere, aýdym-sazly medeni-dynç alyş çärelerine gatnaşdylar, Awazanyň gözel ýerlerine gezelenç etmäge mümkinçilik aldylar.
Biz bu okuw maslahatyna gatnaşanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik:
Begenç NURYÝEW, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginiň inženeri, ylmy-önümçilik birleşigiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy:
— Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarydyr etraplarynda iri gurluşyk taslamalary yzygider durmuşa geçirilýär. Gurlup ulanylmaga berilýän täze desgalaryň açylyş dabaralary eziz Watanymyzda maksatlaryň myrat tapýandygyny dünýä ýaýýar.
Ýene-de sanlyja ýyldan ak şuglasyny äleme saçýan Aşgabadymyzyň demirgazyk böleginde täze, häzirki zaman şäheriň guruljakdygy, beýleki şäherlerimizi ösdürmekde, täze döwrebap obalary döretmekde örän uly taslamalaryň meýilleşdirilýändigi halkymyzyň ruhuny belende göterýär.
Edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň kärdeşler arkalaşyklarynyň işleriniň dogry guralmagy meýilnamalaryň üstünlikli amala aşmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Gözel Awazada geçirilen «Şanly Bitaraplyga — batly gadamlar bilen» atly okuw maslahaty hem bize kärdeşler arkalaşyklarynyň işi bilen bagly meselelerde bilimimizi artdyrmaga, tejribe alyşmaga ähli mümkinçilikleri döretdi.
Il-ýurt bähbitli uly başlangyçlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Akgözel HOJALYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň agrosenagat pudagy boýunça utgaşdyryjysy:
— Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda oba hojalygyny has-da ösdürmek, düýpli özgertmek, ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini giňeltmek, ilatyň saçagyny ýylyň ähli paslynda ter önümler bilen üpjün etmek boýunça öňde duran wezipelerden ugur alyp, welaýatymyzyň agrosenagat pudagynyň işgärleri nusgalyk zähmet çekýärler. Geçen ýyl biziň welaýatymyz pagta, bugdaý hem pile tabşyrmak boýunça Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdi.
Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjylarydyr tehniki gözegçileri kärendeçi daýhanlary, şeýle-de oba hojalyk pudagyna degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleri tutanýerli hem göreldeli işlemäge, yhlasly zähmet çekmäge höweslendirmek maksady bilen, dürli wagyz-nesihat çärelerini, bäsleşikleri, dabaralary guraýarlar. Göreldeli işleýän zähmetkeşler, bäsleşikleriň ýeňijileri kärdeşler arkalaşyklarynyň Hormat hatlary, sowgatlar bilen sylaglanyp durulýar.
Ýerlerde yhlasly işleýänleri ýüze çykarmakda degişli ulgamyň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň kömegi örän uly.
Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň hem-de Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşleriniň guramagynda geçirilen okuw maslahatynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ýerlerdäki agzalary bilen iş alyp barmakda peýdaly boljak köp zatlary öwrendik. Okuw maslahatynyň çäginde Awazanyň gözel ýerlerine gezelenç etmäge, saglygymyzy berkitmäge hem mümkinçilikler döredildi.
Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda dyngysyz aladalary edýän ýurt Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Magtymguly TÖRÄÝEW, Türkmenabat şäher gurluşykkonstruksiýa zawodynyň hukukçy hünärmeni, zawodyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:
— Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, Lebap welaýatynyň ähli künjeklerinde «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň işgärleri döwrebap, täzeçil gurulýan binalaryň gurluşygynda agzybir zähmet çekýärler. «Lebapgurluşyk» tarapyndan gurlup ulanylmaga berlen jaýlaryň ençemesi eýýäm ýaşaýjylaradyr, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärlere hözirini eçilýär.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde guralan okuw maslahaty örän täsirli geçdi. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň ilkinji guramalarynyň işi bilen bagly meselelerde bilim-düşünjämizi artdyrmak, tejribe alyşmak üçin diýseň peýdaly boldy.
«Şanly Bitaraplyga — batly gadamlar bilen» atly okuw maslahatynyň çäklerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşdyk, bulardan başga saglygymyzy berkitmägede mümkinçilik aldyk.
Bize döredijilkli işlemäge, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli uly başlangyçlary hemişe üstünliklere beslensin, jany sag, ýaşy uzak bolsun!
Ýagty GURBANOWA, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Suw gözegçilik gullugynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:
— Suw serişdelerini aýawly saklamak hem-de netijeli peýdalanmak ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy meseleleriniň biri. Gahryman Arkadagymyz suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň döwletleriň ykdysady ösüşine, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýändigini öz çykyşlarynda belläp geçýär.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyran ýylymyzyň 7-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde suw bilen bagly meseleler barada-da aýratyn durup geçip, şeýle diýdi: «Şäherlerimizi we obalarymyzy, oba hojalyk pudagyny suw bilen doly üpjün etmek üçin suw desgalaryny, akabalary, suw göterijileri abatlamagyň hem-de gurmagyň zerurdygyna men oba hojalyk toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň aýratyn ünsüni çekmek isleýärin».
Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleriniň durmuşa üstünlikli geçirilmeginde, ýurdumyzda suwuň rejeli peýdalanylmagyna, suw desgalarynyň ýerlikli ulanylmagyna gözegçilik işleriniň alnyp barylmagynda Suw gözegçilik gullugynyň işgärlerine gullugyň kärdeşler arkalaşygynyň hünärmenleri hem hemaýat edýärler.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Şanly Bitaraplyga — batly gadamlar bilen» atly okuw maslahatynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi babatda alyp barýan işleri, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan özgertmeler barada uly guwanç hem buýsanç duýgulary bilen aýratyn bellediler. Gazanylýan üstünliklerde kanunçylyk namalarynyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň ilkinji guramalarynda iş resminamalarynyň doly we dogry ýöredilmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary bilen iş alyp barmagyň oňyn netijeli ýollary barada tejribeler alşyldy.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň ilkinji guramalarynyň işini dogry guramagymyzda «Daýanç» sagaldyş merkezinde geçirilen okuw maslahatynyň ähmiýeti uly boldy.
Döredijilikli işlemäge, medeniýetli dynç almaga ähli mümkinçilikleriň gapysyny açyp berýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri rowaç, ömri uzak bolsun!
Döwletmyrat REJEPOW, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Keramzit-beton önümçilik zawodynyň hojalyk müdiri, zawodyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:
— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurluşygy hem senagaty ösdürmekde irginsiz aldalar edýär. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Keramzitbeton önümçilik zawodynyň işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň edýän aladalaryna jogap edip, ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan zawodymyzda döwrebap gurluşyk önümleriniň birnäçe görnüşi öndürilýär. Işdeş ýoldaşlarymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ajaýyp wakasy bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuna uly zähmet sowgatlary bilen barmagy niýet edinýärler.
Keramzit-beton önümçilik zawodymyzyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda öňe sürýän başlangyçlaryny ilat arasynda ýaýmagy, işgärleriň zähmet goraglylygyny üpjün etmegi, şeýle-de olaryň zähmete höwesini artdyrmagy maksat edinýän çäreleri yzygider gurap durýar. Şeýle çäreleriň datly miweleri agzybir işgärlerimiziň zähmet üstünliklerinde aýdyň görünýär.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan okuw maslahatynda zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk çäreleriniň geçirilişi barada birnäçe çykyşlary diňledik, olar bilen bagly sowal-jogap alyşdyk.
«Şanly Bitaraplyga — batly gadamlar bilen» atly okuw maslahatynyň dowamynda guralan tejribe alyşmalar kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşleriniň ilkinji guramalarynyň işini dogry ýola goýmagymyzda uly ýardam bolar.
Bize bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan ilýurt bähbitli başlangyçlaryň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Goý, bütin adamzat bähbitli beýik işleriň başynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun!
Gülruh HALJANOWA, Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy:
— Döwlet Baştutanymyzyň yhlasly aladalary bilen, ýurdumyzda bugdaýyň, pagtanyň, gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, döwrebap önümçilik kärhanalaryny, ýyladyşhanalary, işewürligiň ösdürilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge uly üns berilýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegi bilen baglylykda jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde hem anyk wezipeler durýar. Jemgyýetçilik guramalary öz agzalary bilen wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary, baýramçylyk dabaralaryny, dürli ugurlar boýunça bäsleşikleri yzygider guraýarlar. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeňleriniň öz işlerini guramaçylykly alyp barmaklarynda bilim-düşünjelerini kämilleşdirmek üçin olara usuly kömek bermek boýunça işler geçirilip durulýar.
«Daýanç» sagaldyş merkezinde geçirilen «Şanly Bitaraplyga — batly gadamlar bilen» atly okuw maslahatynda edilen çykyşlardyr sowal-jogap alyşmalar arkaly biz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň sebit birleşmelerinde derňew işleriniň alnyp barlyşynda, agzalarymyz bilen iş alyp barmakda, iş meýilnamalaryny düzmekde köp zatlary öwrendik. Okuw maslahatynyň çäginde guralan medeni-dynç alyş çäreleri bizde ýakymly täsir galdyrdy.
Döredijilikli işlemäge, bagtyýar ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna köp sagbolsun aýdýarys!
Çemen ANNABERDIÝEWA, «Watan».