- TM
- RU
Halk arasynda giňden ýaýran «Gurýan döwlet — gurply döwlet» diýen jümledende görnüşi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýadyňa salýar. Munuň özi ilkinji nobatda, ýurdumyzyň işjeň senagatlaşýandygyndan, ykdysady taýdan kuwwatlydygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üstümizdäki ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «Biz göz öňünde tutulan maksatnamalarymyzyň çäklerinde gurluşyk pudagyna 35 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlaryny goýduk. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik» diýip belledi. Geçen ýylda umumy meýdany 1,5 million inedördül metre barabar, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy.
kuwwatyny berkitmek, ony senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, gurluşyk ulgamynyň we gurluşyk senagaty önümçiliginiň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde 2020-nji ýylda-da «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri amala aşyrmak, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli, ençeme desgalaryň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şu taryhy resminama esasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny, obalaryny, şäherlerini, etraplaryny abadanlaşdyrmagyň, döwrebaplaşdyrmagyň, täzeden gurmagyň giňişleýin maksatnamalary işlenip düzüldi we olar eýýäm özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu maksatnamany durmuşa ornaşdyrmak üçin döwlet tarapyndan ägirt uly maýa goýum serişdeleri goýberilýär
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ajaýyp binalar gurulýar. Täze, iri ýaşaýyş toplumlary döredilýär, awtoulag ýollary we demir ýollar gurulýar. Halkara ähmiýetli ulag geçelgeleri emele getirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek barada edýän tagallalarynyň netijesidir
Rahmandurdy RAHMANOW, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy geňeşiniň işgäri.