- TM
- RU
Şu gün Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň XXI Milli sport oýunlarynyň Aşgabat şäher tapgyry Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň “Gökje” sport toplumynda geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitler, amala aşyrylan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işler iri möçberli özgertmeler netijesinde, eziz Watanymyz ykdysady we medeni taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän halkymyz parahat, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyndan” hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, köpugurly sport dünýäsinde ýurdumyzyň at - abraýyny artdyrmak, bedenterbiýe, sagaldyş hereketini wagyz etmek, agzalary aýratyn-da köp sanly ýaşlary sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Milli sport oýunlaryny geçirmekligi maksat edinýär.
Ata-babalarymyzdan miras galan milli sport oýunlarymyzyň at-abraýyny has-da artdyrmak ony mundan beýläk hem zähmetkeşleriň arasynda giňden ýaýratmak we ösdürmek, sagdyn jemgyýetimizi berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreş çärelerini geçirmek hem-de sagdyn we berk bedenli ýaşlary kemala getirmek, dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda ruhubelentligi, päkligi we dostluk-doganlygy berkitmek, bedenterbiýe we köpçülikleýin oýunlar babatynda özara tejribe alyşmak hem-de olara täze öwüşgin bermek, zähmetkeşleriň we ýaşlaryň arasynda zehinli, güýçli, başarjaň türgenleri saýlap-seçip almak, olaryň ýurdumyzyň adyndan halkara ýaryşlarynda çykyş etmekligini gazanmak maksady bilen milli sport oýunlarynyň göreş, düzzüm, küşt we ýaglyga towusmak görnüşleri boýunça sport çäresi geçirildi we ýaryşyň ähli görnüşleri boýunça ýeňiji bolanlar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Begenç Ak, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat-tehnologiýalar we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.
![]() | ![]() | ![]() |
![]() | ![]() | ![]() |
![]() | ![]() | ![]() |
![]() | ![]() | ![]() |
![]() | ![]() | ![]() |
![]() | ![]() | ![]() |
![]() | ![]() |