Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄZEÇE ÇEMELEŞMEGIŇ AJAÝYP NETIJELERI

Türk­me­nis­ta­nyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawody ýerli gurluşykda giň­den ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak, çykarylýan önümleriň görnüşlerini köpeltmek boýunça ýokary netijeler gazanýar. Welaýatyň gi­ňişliginde dürli maksatly köp sanly binalaryň gurluşygyny alyp barýan bu kärhanada ýerine ýetirilýän işleriň möçberi hem ep-esli ýokarlandy. Şu ýylyň başyndan bäri bu ýerde gurnama demir-beton önümleriniň 1000 kub metrden gowragy, harytlyk betonyň hem 700 kub metrden gowragy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterim ösüş gazanyldy. Hojalygy ýöretmegiň täzeçe usullarynda işleýän kärhanada öndürilen önümiň pul mukdaryndaky ösüşi 134,6 göterime barabar boldy. Zawodda iň kämil hem innowasion enjamlar ornaşdyrylan täze ulgamyň işe girizilmegi bilen köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň içki diwarlarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Toplumlaýyn esasda amal edilýän şeýle işler ýerli gurluşyklary ýokary hilli önümleriň zerur möçberi bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän düýpli abatlaýyş işleri, önümçilige ornaşdyrylýan ýokary öndürijilikli ulgamlar armaturalary kebşirleýji, beton garyjy hem-de ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar çykarylýan önümleriň görnüşlerini köpeltmäge, olaryň hilini gowulandyrmaga täze şertleri döredýär.

Senagat pudagynyň kuwwatly ösýän häzirki wagtda ýerli çig mal serişdeleri netijeli ulanylyp, uly islegden peýdalanýan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişi ýokarlanýar, çykarylýan önümleriň görnüşleri gi­ňeldilýär. Şu babatdan, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Döwrüň talabyny nazara almak bilen, işleri düýpli täzeden guraýan bu ministrligiň ýerlerdäki kärhanalarynda ýerli gurluşyk bazaryny ýokary hilli senagat harytlary bilen üpjün etmekde ähli çäreler görülýär. Munuň üçin ýerlerde ähli amatly şertler, giň mümkinçilikler döredildi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerli mineral-çig mal serişdeleriniň dürli görnüşleriniň uly gorlary bar. Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawody hem şeýle gorlary netijeli ulanmak arkaly hek öndürip başlady. Häzirki wagtda bu ýerli önüm zawodyň işçi-hünärmenleri tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işlerinde giň­den ulanylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze binalaryň has kän gurulmagy bilen şäherlerimiz hil taýdan täze binagärlik keşbine eýe bolýar, obalarymyzda bolsa kämil durmuş infrastrukturasy kemala gelýär. Welaýatda giň gerimde ýaýbaň­landyrylan şeýle uly işlerde bu zawodyň ähmiýetli orny bar. Bu öňdebaryjy kärhananyň işçileri tarapyndan ýurdumyzyň «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz «Çeper» halyçylyk kärhanasynyň buýurmasy esasynda Gubadag haly önümhanasynyň 160 iş orunlyk binasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Häzirki wagtda binanyň halyçylyk bölüminiň esasy sütünlerini hem-de diwaryny galdyrmak bilen utgaşyklylykda, ýanaşyk ýerleşýän ýyladyş ulgamynyň we beýleki kömekçi jaýlary gurmak işlerine girişildi. Gurluşyk meýdançasynda kuwwatly ýük göteriji ulaglaryň ikisi, ýük ýükleýji tehnikalaryň hem birnäçesi bökdençsiz işledilýär.

Zawodyň ezber gurluşykçylary tarapyndan gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlary täze döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň ruhunda ösýän, özgerýän Daşoguz şäheriniň gözel keşbine görk berýär. Di­ňe geçen ýylyň özünde kärhananyň işçi-hünärmenleri welaýat merkeziniň «Nowruz» ýaşaýyş jaý toplumynda dört gatly, 16 öýli jaýlaryň dördüsini, dört gatly 32 öýli jaýlaryň hem 2-sini gurup, ulanmaga berdiler. Häzirki wagtda kärhananyň gurluşykçylary Daşoguz şäheriniň Görogly, Şagadam, Oguzhan, O.Ärsaryýew köçeleriniň ugrunda dört gatly, köp otagly jaýlaryň 7-siniň gurluşyk işlerini ýokary depginde dowam etdirýärler. Şu günler welaýat merkeziniň etegindäki Gülüstan şäherçesinde hem ýe­ňillikli karz serişdeleriniň hasabyna gurulýan iki gatly jaýlaryň 5-siniň, 1 sany bir gatly jaýyň gurluşygy alnyp barylýar.

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe netijeli zähmet çekmek, döredijilikli işlemek, gurmak üçin ähli mümkinçilikler hem-de oňaýly şertler döredildi — diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Göwher Sabyrowa aýdýar. — Zawodymyzyň her bir işçisi röwşen geljege ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ösüşlerine şahsy goşandy­ňy goşýandygy­ňy duýmagyň, has-da netijeli işlemegiň uly bagtdygyna oňat düşünýär. Kärhanamyzda köp ýyllar bäri zähmet çekip, uly hormata mynasyp bolan işçilerimiz kän. Beton garyjy bölümden Saparmuhammet Öwezow, Meýlismyrat Rejepow, Baýramgeldi Kakabaýew, gurluşykçylar toparyndan Gurbannazar Piriýew, Aýmyrat Babaýew asylly zähmet çekmegiň göreldesini görkezýärler, ýaşlara halypalyk edýärler.

Zawodymyzyň işçi-hünärmenleri hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylyny uly üstünliklere besleýärler. Şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleri meýilnamadaky göz öňünde tutulanyndan 160 göterim artdy. Şeýle guwandyryjy netijeler bizi täze ýe­ňişlere ruhlandyrýar.

Işlemäge, bagtyýar durmuşda, abadançylykda ýaşamaga giň mümkinçilikler döredýän milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, amala aşyrýan beýik işleriniň hemişe ileri bolmagyny arzuw edýäris.

 

Amanmyrat SAPAROW, «Türkmenistan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.