Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAPALY KÜNJEKDÄKI TÄZE MÜMKINÇILIKLER

Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň demirgazygynda ýerleşýän kölüň kenarynda dynç alyş zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürenine entek kän wagt geçenok. 15-nji iýunda Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylmagy we bu kölüň «Altyn köl» diýlip atlandyrylmagy paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň, aýratyn-da, çagalaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Munuň özi aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň sapaly tomus günlerinde wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmek üçin döredilen ajaýyp mümkinçilikdir, adam hakyndaky aladanyň aýdyň nyşanydyr.

«Garaşsyz ýurdumyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýar. Şo­ňa görä-de, raýatlarymyzyň saglygyny berkidip, dynç alyş şertlerini gowulandyrmak ugrunda yzygiderli alada edýäris. Täze-täze şypahanalary, sagaldyş-dynç alyş merkezlerini gurup, ulanmaga berýäris» diýýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwrüni şadyýan we peýdaly geçirmegi, Köpetdagyň jülgelerinde hem-de welaýatlarymyzda ýerleşýän sagaldyş merkezlerinde dynç almaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. «Altyn kölüň» kenarynda döredilen täze dynç alyş zolagy hem şol mümkinçilikleriň üstüni ýetirdi. Bu ýerde dynç almak üçin amatly bassyrmalar, göwnejaý enjamlaşdyrylan çagalar üçin oýun we sport meýdançalary, futbol, woleýbol we basketbol oýnamak üçin meýdançalar, çagalaryň dynç almagy üçin otaglar, hyzmat edýän işgärler üçin ýaşaýyş otaglary, saglyk nokady we «Tiz lukmançylyk kömegi» üçin bassyrmalar gurlup, ulanylmaga berildi. Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, dynç alyş zolagyna gelýän uly ýaşlylar we çagalar üçin lukmançylyk gözegçiligi bilen bagly zerur çäreleriň göz öňünde tutulmagydyr. «Altyn köle» dynç almaga gelýänler bellenilen ýerlerde lukmançylyk gözegçiliginden geçip, 14 günüň dowamynda güýji bolan degişli kepilnamany alyp bilerler. Bu ýerde dynç alýanlar üçin has amatly şertleri döretmek maksady bilen, jemgyýetçilik ulaglarynyň yzygiderli gatnawlary ýola goýuldy. Häzirki wagtda täze dynç alyş zolagyna barmagyň şertleri, ol ýerde ýerine ýetirilmeli zerur çäreler baradaky maglumatlar ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň­den beýan edilýär. Munuň özi bu ugurda ilatyň habarlylygyny artdyrmak, kölüň kenarynda dynç alýanlaryň saglygyny goramak hakyndaky aladanyň aýdyň mysalydyr. Beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmegi döwletimiziň baş aladalarynyň birine öwrüp, çagalaryň sazlaşykly ösüşi we oňaýly dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Ýazjeren MAWSUMOWA, Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.