Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞATLYKLY GÜNLER

Gök­de­re jül­ge­sin­dä­ki ajaýyp ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de to­musky dynç al­şyň il­kin­ji tap­gy­ry­nyň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy dür­li sport bäs­le­şik­le­ri­ne, es­ta­fe­ta­la­ra, ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň şow­hun­ly aý­dym-saz­ly ede­bi çy­kyş­la­ryna baý bol­dy.

Ýa­kyn­da paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­leş­ýän «Älem» me­de­ni dynç alyş mer­ke­zi­ne Gök­de­re­de dynç al­ýan ça­ga­lar üçin okuw maksat­ly ge­ze­lenç gu­ral­dy. Me­deni­ýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň, şeý­le hem Türk­me­nis­tanyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Jem­gy­ýet­çi­lik howp­suz­ly­gy müdirliginiň ça­ga­lar we ýetgin­jek­ler bö­lü­mi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da­ky bu ge­ze­lenç we in­te­rak­tiw sa­pa­gy ça­galar­da eý­ýäm ki­çi ýaş­dan köçe-ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri ba­ra­da­ky bi­lim­le­ri­ni hem-de be­den­ter­bi­ýä we spor­ta bo­lan hö­wes­le­ri­ni art­dyr­mak­dan yba­rat bol­dy.

Hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri Täç­bi­bi Te­kä­ýe­wa bi­len Ogul­jan Gur­ban­gel­di­ýewa­nyň ça­ga­lar bi­len in­te­raktiw usul­da ge­çi­ren gür­rüň­le­ri, al­şan so­wal-jo­gap­la­ry aý­ra­tyn tä­sir­li bol­dy. Çä­rä­ni gu­raý­jyla­ryň bel­leý­şi ýa­ly, aň-bi­lim mak­sat­ly şeý­le du­şu­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip durul­magy de­giş­li ul­gam­da ge­rek­li dü­şün­jä­ni al­mak­da, kö­çe-ýol ha­dy­sa­la­ry­nyň dö­re­me­gi­niň azal­ma­gyn­da­ky ze­rur en­dikle­ri ýü­ze çy­kar­mak­da, şeý­le hem, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da uly ähmi­ýe­te eýe­dir.

 

Aý­gül JEP­BA­RO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň In­že­nerteh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.

 

Ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­niň gyz­ga­laň­ly döw­ri do­wam ed­ýär. Gök­de­re jül­ge­sin­dä­ki ça­ga­lar dynç alyş-sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dynç al­ýan bag­ty­ýar ne­sil­ler şa­dy­ýan gün­le­riň hö­zi­ri­ni gör­ýär­ler. Bu Türk­me­nis­tanyň ne­bit­gaz top­lu­my­nyň «Şöh­le» ça­ga­lar dynç alyş-sagal­dyş mer­ke­zi ba­ra­da aý­dylan­da hem şeý­le­dir.

Mer­kez­de dynç al­ýan ça­ga­la­ryň wagt­la­ry­ny şa­dyýan­lyk­da ge­çir­me­gi, sag­lyk­lary­ny ber­kit­me­gi ba­bat­da äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­lendi­gi­ne bu ýer­de bo­la­nyň­da aý­dyň göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Bu ýer­de ça­ga­la­ryň wagtla­ry­ny tä­sir­li ge­çir­mek­le­ri üçin dür­li gur­nak­lar he­re­ket ed­ýär. Olar­dan aý­dym-saz, tans, komp­ýu­ter so­wat­ly­lygy, el iş­le­ri... ýa­ly gur­nak­la­ry gör­kez­mek bo­lar. El­betde, ça­ga­la­ryň dynç al­şy­ny be­den­ter­bi­ýe-sport­suz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Küşt, düz­züm ýa­ly mil­li oýunlar, şo­nuň ýa­ly-da he­re­ket­li oýun­lar bo­ýun­ça gu­ral­ýan bäs­le­şik­ler beý­le­ki ýa­ryşlar bi­len ut­ga­şyk­ly do­wam et­di­ril­ýär. Ta­pa­wut­la­nan to­par­lar, ça­ga­lar baý­rak­syz ga­la­nok. Ola­ra Türk­me­nis­tanyň Ne­bit­gaz se­na­ga­ty top­lumy­nyň iş­gär­le­ri­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň ge­ňe­şi­niň taý­ýar­lan ýö­ri­te sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­ýar.

Gök­de­re jül­ge­si­niň gö­zel ýer­le­ri­ne, şeý­le hem paý­tagtyň «Älem» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­ne gu­ral­ýan ge­ze­lençler hem ça­ga­lar­da ýa­kymly ýat­la­ma­lar gal­dy­r­ýar. Umu­man, Gök­de­re jül­ge­si­niň goý­nun­da ça­ga­la­ryň şa­dy­ýan ses­le­ri be­lent­den ýaň­la­nyp, şat­lyk­ly dynç alyş gün­le­ri dowam ed­ýär.

 

Ma­ral GEL­DI­ÝE­WA, Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.