Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARKADAG

ARKADAG

Beýik zamananyň beýik işleri,

Siziň bilen rowaç alýar, Arkadag!

Ýerde pelpelleýän göwün guşlary

Siziň bilen Arşa galýar, Arkadag!

 

Rowaçlyklar ýaran ilim bagtyýar,

Bitaraplyk mekanydyr bu Diýar.

Ýeňişleri ýeňşe utgaşyp barýan,

Her Günümiz bagtly dogýar, Arkadag!

 

Çagalarmyz gunçasy gül Diýaryň,

Eşret ýagýar, her güni bal Diýarym!

Ýaňlandyryp toý sazyn çal, Diýarym,

Çar tarapdan myhman gelýär, Arkadag!

 

Azat Watan, erkin illermiz bu gün.

Şadyýan saýraýar dillermiz bu gün.

Gür baga bürenen çöllermiz bu gün,

Erem bagyn ýada salýar, Arkadag!

 

Sagdyn nesil — geljegmiziň binýady,

Gorkut ataň, Göroglynyň zürýady,

Oguz hanyň nesli — türkmeniň ady,

Siziň bilen dünýä dolýar, Arkadag!

 

Atamyrat ÝAGŞYÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň

Türkmengala etrap geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.