Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI

Ak bugdaý etrabynyň ak ekin ussatlary galla oragyny tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Oba hojalygyndaky bu möhüm möwsüme gatnaşyjylary höweslendirmek babatynda hem tagalla edilýär. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gallaçylaryň arasynda yglan edilen ongünlük zähmet bäsleşikleri bu ugurda özüniň oňyn netijesini berýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi zähmet bäsleşiginiň çäklerinde öňdebaryjy kärendeçileri, kombaýnçylary we hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjilerini höweslendirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýakynda nobatdaky ongünlük zähmet bäsleşiginiň jemi jemlenende degişli döwürde tapawutlanan zähmetkeşleriň birnäçesi ýüze çykaryldy hem-de ýörite baýraklar bilen sylaglandy. Bu gezekki zähmet bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýnçylary Baýramgylyç Gurbanow, Muhammet Seýidow, awtoulag sürüjisi Aýmyrat Ataýew hem bar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri ýeňijiler bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armasyny ýetirdiler hem-de degişli sowgatlaryny gowşurdylar.

 

Allaberdi ATAÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.