Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖŇDEBARYJYLARA SOWGATLAR

Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde galla oragynda tapawutlanýan öňdebaryjy kärendeçileriň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň degişli Kararyndan ugur alnyp, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda oba hojalyk ulgamynda ajaýyp görkezijileri gazanýan zähmetkeşleri, işjeň agzalary höweslendirmek maksady bilen geçirilen duşuşygy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi gurady.

Duşuşykda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden we dabaraly belleniljek üstümizdäki ýylda ata Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ýokary sepgitlere ýetmeginde kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň öňünde uly wezipeleriň durýandygy, häzirki günlerde ekerançylyk meýdanlarynda gyzgalaňly dowam edýän galla oragyny çalt we yrýasyz alyp barmagyň daýhanlardan uly jogapkärçiligi talap edýändigi, möwsümde ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagyň esasy şertleriň biridigi barada aýdyldy. Onuň barşynda döwlete galla tabşyrmak babatdaky borçnamalaryny irki möhletde berjaý eden kärendeçileriň birnäçesi çykyş etdi. Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Saýat Amangeldiýewa öz çykyşynda kärende ýerinde köp ýyldan bäri çalşyk esasynda gowaçadyr dänäni ýetişdirip gelýändigini, şu ýyl 32 gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýy ýetişdirip, onuň her gektarynyň hasyllylygyny 40 sentnere ýetirendigi we uly girdeji alandygyny aýtdy. Gökdepe etrabynyň «Ýandaklyagyz» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi Täzegül Durdymuhammedowanyň daýhançylyk tejribesi hakyndaky aýdanlary hem ünsli diňlendi. Ol çykyşynyň barşynda däneçilikde gazanan zähmet üstünligi barada söz açmak bilen, 2,5 gektaryň hasyllylygyny 41 sentnere ýetirendigini belledi.

Duşuşykda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda amala aşyrýan özgertmeleriniň oňyn netije berýändigi, döwletiň goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanan türkmen daýhanlarynyň halal, päk zähmetiniň hözirini görüp ýaşaýandygy dogrusynda buýsançly sözler aýdyldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýer eýeleri hakdaky aladalaryna hoşallyk sözleri beýan edildi. Duşuşygyň ahyrynda galla taýýarlamak babatdaky şertnamalaýyn borçnamalaryny irki möhletde berjaý eden we bu ugurda ýokary görkezijilere eýe bolan gallaçy kärendeçileriň birnäçesine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

 

Akgözel HOJALYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy. SU­RAT­DA: öň­de­ba­ry­jy kä­ren­de­çi­le­riň bir to­pa­ry.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.