Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TELEKEÇILIK IŞI

Içerki gurşaw — bu telekeçiniň göni täsiriniň ýaýraýan giňişlikdäki çägi bolup durýar. Ol segmentleşendir hem-de onuň bu segmentleri içerki üýtgeýjileriň atlaryny göterýärler. Eger telekeçi hojalyk jemgyýete wekilçilik edýän bolsa, onda ony kesgitleýän ähli faktorlar içerki gurşaw bolýar. Hojalyk jemgyýeti telekeçi tarapyndan ulgamlaýyn gurluşy görnüşinde kabul edilýär. Eger ulgamyň bir bölegi üýtgese, onda onuň beýleki bölekleri hem üýtgemeli bolýar.

Hojalyk jemgyýetiniň şeýle düşünilmegi, ony dolandyrmak prosesini bir ýa-da birnäçe üýtgeýjilere täsir etmek boýunça iş we oňa beýleki üýtgeýjileriň hem eýermegi hökmünde kesgitläp bolýar.

Içerki üýtgemelere düýpli düşünmek telekeçiniň işiniň wajyp bölegidir. Iň wajyp içerki üýtgemeler — bu kärhananyň maksady. Onuň mukdar häsiýetnamalary bolmaly. Meselem, kärhananyň maksady — bir ugra niýetlenen ýa-da bellibir modellere degişli bolan geýimiň bellenen möçberde önümçiligi bolup durýar.

Ikinji içerki üýtgemeler — önümçiligiň tehnologiýasy. Onuň saýlanmagy kärhananyň içerki maksady bilen kesgitlenilýär.

Üçünji içerki üýtgemeler — kärhanalaryň guramaçylyk düzümi. Önümçiligiň maksadyny we tehnologiýasyny bilmek bilen, has uly ykdysady netijäni gazanmak we önümçilik prosesini dolandyrmagy ýokarlandyrmak mümkinçiligi döreýär. Kärhananyň düzüminiň her bir bölegine degişli borçlar berkidilýär.

Dördünji üýtgemeler — wezipe düzümi. Bu düzümiň her bir böleginde iş ýerleriniň we wezipeleriniň mukdar we hil jähetleri kesgitlenýär.

Bäşinji içerki üýtgemeler — bu işgärler (iş orunlaryny eýelejek işgärler).

Ýene-de içerki bolmadyk iki sany bölegi bellemek bolar. Olar içerki we daşarky gurşawlaryň arasynda baglaşdyryjy roly oýnaýarlar. Bu bölekler bolup, önümçiligiň netijeleri we bazar signallary çykyş edýärler.

Önümçiligiň netijesi telekeçilik düzüminiň maksatlarynyň maddylaşmagynyň takyk görnüşidir. Ol içerki gurşawyň hilini kesgitleýär, ony öňki görnüşde saklap bolmak mümkinçiligini görkezýär ýa-da oňa üýtgetme girizmekligiň zerurlygyny belleýär.

Bazar signaly — daşarky faktor bolup durýar, ýöne hojalyk jemgyýetiniň içerki gurşawynda ösdürilip, garşylyklaýyn aragatnaşygy üpjün edýär (alyjynyň haryda gatnaşygy).

Şeýlelikde, içerki gurşawy hojalyk jemgyýetiniň başarjaňlyk mehanizmi hökmünde kesgitlemek adalatlydyr. Nazaryýetde bu gurşaw sosiotehnika ulgamy adyna eýedir.

Telekeçiniň bu ulgamyň hökmany bölegidigini bellemek wajypdyr. Ol merkezi we ähli böleklere täsir edýär.

Daşarky gurşaw — kärhananyň düzümleýin-giňişlik gurşawy. Kärhana açyk ulgamdyr. Onuň içerki gurşawy daşarky gurşawyň täsiri astynda üýtgeýär.

Daşarky gurşaw — bu telekeçilik düzüminiň işleýşine täsir edýän faktorlaryň jemi. Bu faktorlar birmeňzeş däldir. Olaryň birinjisi göni, ikinjisi bolsa gytaklaýyn täsir edýän faktorlardyr. Şoňa laýyklykda, olar göni ýa-da gytaklaýyn täsir ediş faktorlar toparlaryna bölünýärler.

Göni täsir ediş faktorlaryna aşakdakylar degişlidir:

1) döwlet edaralary we olaryň çykarýan kanunçylyk namalary. Bu faktorlara uýgunlaşmak hökmany bolup durýar.

2) hyzmatdaşlar we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, bu faktory mümkinçilikleriňe görä üýtgedip bolýar.

3) bäsdeşler. Olaryň özüni alyp baryşlaryny telekeçi öz işinde hökmany hasaba almaly.

4) kärhananyň abraýy, daşarky gurşawda kärhana baradaky pikir bu kärhana oňyn ýada ýaramaz täsir edip biler.

5) kärdeşler arkalaşyklary.

Gytaklaýyn täsir ediş faktorlar — bu beýleki faktorlaryň üsti bilen ýa-da kesgitli şertler bolan ýagdaýynda hojalyk jemgyýetine täsir edýän faktorlar. Olara aşakdakylar degişli:

1) syýasy faktorlar;

2) ylmy-tehniki ösüş;

3) ykdysadyýetiň ýagdaýy;

4) durmuş-medeni faktorlar;

5) dünýä bazaryndaky üýtgemeler.

Telekeçi daşarky gurşawyň dinamikasyny elmydama derňäp durmalydyr. Bu çylşyrymly we köp zähmeti talap edýän işdir. Bu derňewiň agyrlygy derňelýän faktorlaryň düzüminiň ýokary çylşyrymlylygy bilen düşündirilýär. Olaryň täsir ediş derejesi dürli-dürlüdir. Käbir faktorlar telekeçiniň işine mydama, beýlekiler bolsa bölekleýin täsirini ýetirýär.

Ähli sanalyp geçilenler telekeçilik işiniň çylşyrymlydygy bilen şertlendirilýär we bu ulgamda ýörite taýýarlygyň zerurlygyny görkezýär.

Telekeçilik çözgüdini kabul ediş tehnologiýasy

Telekeçilik çözgüdini kabul ediş tehnologiýasy hojalyk jemgyýetiniň potensial mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, alternatiw görnüşleriň derňewini üpjün edýän we goýlan maksat nukdaýnazaryndan has netijeli görnüşleri ýüze çykarýan logiki ulgama birleşdirilen hereketleriň yzygiderligidir.

Her bir telekeçiniň çözgüdi kabul etmek boýunça öz hususy tehnologiýasy bardyr. Çözgüt intiuitiw esasda kabul edilip bilner. Intiuitiw çözgüt kabul etmek diýip, bolup biljek hadysanyň netijesine aň ýetirmezden, öz içerki duýgularyňa esaslanmak bilen amala aşyrylýan işe düşünilýär. Ondan peýdalanmak üçin telekeçilik işinde örän uly tejribäň bolmalydyr.

 

Gurbanmämmet REJEPOW, Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

Nurýagdy AÝNAZAROW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe kafedrasynyň mugallymy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.