Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝAR KÖRPELERIŇ ÝURDY

Mähriban Arkadagymyzyň ösüp gelýän ýaş nesliň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okap bilim almaklary, dynç alyş möwsümlerinde ýokary derejede guralan dynç alyş ýerlerinde wagtlaryny şadyýan hem-de many-mazmunly geçirmegi üçin durmuşa geçirýän tagallalary netijesinde, körpeleriň häzirki tomusky dynç alyş möwsümi maksadalaýyk guralýar. Bagtyýar körpeleriň dynç alşyny gyzykly, wagtyny peýdaly, şadyýan geçirmegi üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri döredildi. Şolaryň biri hem Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezidir.

Bu ýerde çagalar tomusky dynç alşyny gyzykly geçirýärler. Çagalaryň bu möwsümi şadyýan, gyzykly geçirmekleri üçin medeni-köpçülikleýin sport çäreleri, tebigata gezelençler, syýahatlar guralýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramagynda, Balkanabat şäherindäki «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi. Şeýle hem «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan gyzjagazlaryň el işleriniň sergisi guraldy. Ýaryşlar sportuň futbol, şaşka görnüşleri boýunça geçirildi. Çagalaryň zehin başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen kompýuter sowatlylygy, goşgy aýtmak boýunça çykyşlar hem guraldy. Ýaryşlarda ýeňiji bolan körpeje jigilerimize Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda dürli pudagyň işgärleri bilen bilelikde wagyz-ündew çäreleri ýygy-ýygydan geçirilip durulýar. Bu çäreler çagalaryň has-da giň dünýägaraýyşly bolmagyna ýardam berýär. Körpeler dynç alyş möwsüminde wagtlaryny öran gyzykly we şadyýan geçirýärler. Ajaýyp zamanamyzda çagalaryň bagtly ýaşamagy, dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna bagtyýar körpeler mähirli hoşallyklaryny aýdýarlar.

 

Ogulbike YMAMBERDIÝEWA, öz habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.