Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

IL AGZYBIRLIGI MAŞGALADAN BAŞLANÝAR

Maşgala ynsan durmuşynyň gözbaşy hasaplanýar. Maşgalanyň abatlygy, agzybirligi jemgyýetiň ösüşine hem täsir edýär. Şonuň üçin il arasynda agzybir maşgalalary döwletli hasaplaýarlar.

Türkmen halkymyz maşgala bitewüligini ähli zatdan ýokary goýýar. «Maşgalam — baş galam» diýip ýöne ýere aýdanoklar. Her bir maşgala, ilki bilen, ata-enäni sylamagy, ululara we töwerege hormat goýmagy ýaşaýyş-durmuşyň düzgünnamasy hökmünde perzentleriniň gursagyna guýýar. Maşgalada we köpçülikde edep-tertibi saklamak ilimizde milli terbiýäniň ýazylmadyk kanuny hasaplanýar. Ynsanyň jemgyýetde özüni alyp barşy, kemala gelen häsiýeti gönüden-göni maşgaladan gözbaş alýar. Şonuň üçin ilimizde ýaşuly adamlar görelde mekdebi hasaplanýar. Çagalar bolsa maşgalanyň ýa-da iliň hormatyna mynasyp bolan adamlara meňzemek isleýärler. Maşgalanyň berkligi, agzybirligi ata-enä bagly. Olar çagalaryna ýaşlykdan zähmeti, ylym-bilimi, hünäri, tebigaty, gözelligi söýmegi öz görelde mekdepleri bilen öwretmeli. Her bir maşgala jemgyýetiň gülläp ösmegine badalga bolup, ýurduň üstünliklerine goşant goşýar. Şonuň üçin sagdyn pikirli, sagdyn bedenli maşgala sagdyn jemgyýetiň gözbaşynda durýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle beýan edýär: «Jemgyýetiň bir bölegi bolan her bir türkmen maşgalasyndaky saklanyp galan däp-dessurlar biziň döwletimiziň milli medeni gymmatlyklary bolup durýar. Maşgaladaky asudalyk, agzybirlik hem-de rahatlyk jemgyýetiň agzybirliginiň girewidir. Şahsyýetiň ahlagynyň, edebiniň hut maşgalada düýbi tutulýar we onuň jemgyýetde özüni alyp barmagynyň medeniýetiniň, gylyk-häsiýetiniň emele gelmeginiň esasyny düzýär. Çagalaryny ösdürip ýetişdirýän we terbiýeleýän ýaş maşgala uly durmuş ýüküni çekýär».

Türkmen halkynyň kämil millet hökmünde kemala gelmeginde jemgyýetiň we döwrüň täsiri hem uludyr. Sebäbi gadymy döwürlerde pederlerimiz maşgala terbiýesinden başga çagalaryna hünär öwretmek üçin ýörite halypa tutupdyrlar. Gyzlar oba arasynda ümä gatnaşypdyrlar. Bu bolsa olaryň milli el işlerini öwrenmekleri bilen bir hatarda, terbiýesine hem gowy täsir edipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen maşgala binýadyna we çaga terbiýesine uly üns berilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle beýan edýär: «Döwlet öz tarapyndan ýaşlaryň aýratyn hem gyzlaryň we zenanlaryň öz ukyplaryny, başarnyklaryny, bilimini ýokarlandyrmak, öz belent maksatlaryna ýetmekleri üçin mundan beýläk hem amatly şertleri döreder». Her döwrüň öz many-mazmuny we pelsepesi bolýar. Şonuň üçinem döwür gönüden-göni maşgalanyň we onuň agzalarynyň dünýägaraýşyna täsir edýär. Sebäbi her döwrüň öz gazananlary ynsan ykbalyndan sowa geçmeýär. Diňe bir döwür däl, döwrüň tebigaty hem ynsanyň dünýägaraýşyna täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwrüň many-mazmuny has-da çuňlaşdy we giň gerime eýe boldy.

Bagtyýarlyk döwrümizde jemgyýeti emele getirýän her bir maşgala we onuň agzalary döwrüň beren gymmatlyklaryndan peýdalanyp, erkana durmuşda ýaşaýarlar. Şonuň üçin hem olar öz nesillerimize milli ruhda, döwrebap terbiýe bermäge borçludyrlar. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle beýan edýär: «Ogul-gyzyna mynasyp görelde bolmak ene-atanyň borjudyr. Ene-atanyň her bir wesýetine gulak asmak, olary sylamak we olar hakda alada etmek bolsa, ogul-gyzyň jana-jan borjudyr».

Türkmen halkymyzyň, her bir maşgalanyň agzybir ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ene MÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk we jem­gy­ýet­çi­lik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.