Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝARLYGA BUÝSANJYŇ BEÝANY

Balkanabat şäher saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda edebi-sazly çäre geçirildi. Onda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň çuň many-mazmuna eýedigi, bu iki sazlaşygyň aýrylmaz baglanyşygy dogrusynda gürrüň edildi. Akyldar şahyryň dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, asyrlaryň dowamynda kämillige ýeten milli medeniýetimiziň, däp- -dessurlarymyzyň, medeni mirasymyzyň dünýäde uly meşhurlyga eýedigi nygtaldy.

Welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda milli mirasymyz belentden wasp edildi. Şygryýet äleminde öçmejek yz galdyran dana şahyryň sözlerine ýaňlanan şirin owazlar çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

 

Ogulnyýaz Sa­pa­rowa, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.