Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALKYMYZYŇ GUWANJY

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Etrek etrap şahamçasynyň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli orta mekdepleriň mugallymlarynyň, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, il sylagly ýaşulularyň hem-de ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Magtymguly Pyragy bagtyýarlyk döwründe» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä derejesinde ýeten beýik sepgitleri hem-de halkymyzyň milli guwanjy bolan, dünýä medeniýetine uly goşandyny goşan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we onuň çuňňur many-mazmuna beslenen şygyrlary barada buýsanç bilen söhbet etdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, şygryýetine uly hormat-sarpa goýulýandygyny, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmeginde giň gerimli ajaýyp işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

 

Polat Ber­di­ýew, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Etrek etrap şahamçasynyň wekili.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.