Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI

Golaýda Wekilbazar etrabynda TDP-niň we TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräni etrabyň Goňur geňeşligindäki Garagoňur oba medeniýet öýüniň çäreler guramaçysy Aýdogdy Allakulyýew alyp bardy.

Çärede TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Şatlyk Öwezow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Nagmat Hümmedow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Ýeňiş Nurmyradow, etrap medeniýet bölüminiň muzeýçisi Maýa Berdigylyjowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ýurdumyzda medeniýet işgärlerine yhlasly işlemek üçin döredilýän uly mümkinçilikler, şeýle-de, Magtymguly atamyza goýulýan hormat-sarpa barada durup geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar we milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuwladylar.

 

Şemşat SAÝLYÝEWA. «Maru — şahu jahan».

SURATDA: çäreden pursat. Surata düşüren Azym ŞEKEROW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.