Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SUNGATA SARPANYŇ AÝDYŇ BEÝANY

Golaýda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň welaýat bagşylar muzeýi bilen bilelikde guramagynda «Aýdym-sazly, Arkadagly Diýarym» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen bu çäre täsirli pursatlara örän baý boldy. Oňa medeniýet we hyzmat ulgamlarynyň, gurluşyk we senagat pudagynyň işgärleri, mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Dabaranyň başynda oňa gatnaşyjylar welaýat bagşylar muzeýiniň medeni gymmatlyklaryndan ybarat sergisine tomaşa etdiler. Sergide goýlan milli saz gurallary, keramatly Daşoguz topragynyň bagşyçylyk, dessançylyk ýolunda uly yz goýan bagşylaryň portret suratlary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Mejlisler eýwanynyň girelgesinde guralan kitap sergisiniň töweregi hem köp adamly boldy. Hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan kemala gelen «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...» atly we beýleki kitaplary kitap tekjelerinde aýratyn orun eýeleýär.

Soňra dabara mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler eýwanynda dowam etdi. Dabara gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň dürdäne sözlerine döredilen şirin aýdymlary, «Görogly» şadessanyndan parçalary diňläp, ruhy lezzet aldylar.

 

Ýörite habarçylarymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.