Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝAR ZAMANYŇ ŞADYÝAN ÇAGALARY

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzyň geljegi ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle giň gerimli mümkinçilikleriň netijesinde eşretli zamanamyzyň bagtyýar körpeleri erkana durmuşda şadyýan ösüp, kemala gelýärler. Ýetip gelen sapaly tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtlaryny şadyýan, şol bir wagtyň özünde hem netijeli geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyz Aşgabatda döredilen  mümkinçilikler körpeleriň juwan ýüreklerini joşgunly buýsanç duýgularyna beslenýär.

2020-nji ýylyň iýun aýynyň 30-na Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşine hasapda durýan KA-nyň ilkinji guramalary “Aşgabatýylylyk” trestiniň, “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň, “Aşgabat şäher arassalaýyş, abadanlaşdyryş” birleşiginiň gatnaşmaklarynda  Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde  “Bagtyýar zamanyň şadyýan çagalary” atly medeni çäresi geçirildi. Bu medeni çärede Türkmen Döwlet Gurjak teatrynyň artistleri “Çagalyk älemgoşary” atly sahnany ýerine ýetirdiler. Bu ajaýyp çärede artistleriň çagalyk älemgoşaryny aýdym-saz bilen uly şatlyk-şowhuna besläp döretmekleri şeýle-hem, edep-terbiýe, saglyk, arassaçylyk barada çykyş edip çagalarda uly täsir galdyrdy.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe şeýle eşretli zamanany, ajaýyp durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar.

 

Ýörite habarçymyz

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.