Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGLYK — BAÝLYK

Ösüp gelýän neslimiziň döwrebap ylym, bilim almagy bilen birlikde, olaryň dynç alyş wagtlaryny hem göwnejaý, peýdaly geçirmekligi üçin ähli tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Bu ýerlerde çagalaryň dynç alyş möwsümleri guramaçylykly gurnalyp, ol ýerlerde geljegimiziň eýeleri bolan mähriban çagalarymyz üçin yzygiderli sport bäsleşikleri, medeni we gezelenç çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.

Golaýda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky «Ýaşyl ýaýla» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyşlaryny uly şatlyk-şowhun bilen geçirýän çagalarymyzyň arasynda Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça özara bäsleşikler hem-de wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sportuň woleýbol, futbol, küşt, şaşka görnüşlerinden guralan ýaryşlara çagalaryň uly gyzyklanma bilen gatnaşmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sagdyn jemgyýeti pugtalandyrmakda alyp barýan syýasatynyň, şunuň bilen birlikde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketiniň barha giň gerime eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Maksat ÇARYÝEW, Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri, polisiýanyň maýory.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.