Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ AGROSENAGAT TOPLUMYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYGYNYŇ GEŇEŞINIŇ IŞJEŇ AGZALARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETLI GEPLEŞIK GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmekde gönükdirlen möwsümleýin işleriň ýerine ýetirilişi we bu ugurda zähmet çekýän babadaýhanlara ýakyndan goldaw bermekde döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler, kepillikler we ýurdumyzyň gallaçylarynyň gazanan zähmet üstünlikleri barada söhbetli gepleşigi geçirildi.

Gepleşigi S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň uly mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Ýazgeldi Saryýew alyp baryp, onda S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň kafedra müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Saparmyrat Annamuhammedow, Çöller ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutyň işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Myratberdi Akyýew, Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň “Türkmensuwylmytaslama” institutynyň ylmy bölüminiň baş hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Nurmuhammet Taýlyýew çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.