Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLILIGE BUÝSANÇ DÖREDÝÄN HALYPA

Halkymyzyň pähim-paýhas ummanynda «Ylymly il ozar» diýen ajaýyp pähim bar. Ylym-bilim jemgyýetiň, adamzadyň ösüşiniň esasy özeni bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen ylmynyň ösýän, dünýä derejesine çykýan döwri boldy. Muňa bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler mysal bolup biler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredip berýän giň mümkinçilikleri ylym-bilim işgärlerini yhlasly, halal zähmet çekmäge ugrukdyrýar.

Ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde zähmetini gaýgyrmaýan mugallymlaryň arasynda halypa-şägirtlik ýörelgesine uly üns berilýär, çünki islendik işde halypalyga ýetişen mugallymlara daýanylýar. Olaryň baý zähmet tejribesi ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýar. Olaryň bar ýerinde işiň müşgili ýok. Ýaşlara halypalyk goluny uzadyp bilýän halypalaryň hatarynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Meretguly Derýaýewiň adyny buýsanç bilen tutmak bolar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, her bir işde halypa-şägirtlik ýörelgesi ýola goýulmalydyr. Täze işe başlan ýaş hünärmeniň iş başarnygynyň doly ýola goýulmagy üçin, onuň işini dogry guramagyna ýardam berilmelidir. Hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” atly romanlaryny halypa-şägirtlik gatnaşyklarynda özüne ýol-ýörelge edinen mugallym Meretguly Derýaýew 1983-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh we jemgyýeti öwreniş bölümini tamamlap, etrabyň 23-nji orta mekdebinde taryh mugallymy bolup işe başlaýar. Şol günden bäri Meretguly mugallym ýaş nesle bilim bermekde, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly syýasatyny okuwçylara düşündirmekde netijeli işleýär.

Ussat mugallymyň okadýan okuwçylary etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiklerine gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi başarýarlar. Mugallymçylyk käriniň daşyndan döredijilik işi bilen ýakyndan meşgullanýan halypanyň ýazan makalalary metbugat neşirlerinde yzygiderli çap edilýär. Şeýle hem türkmen halkynyň şöhratly taryhy bilen baglanyşykly berýän gyzykly gürrüňleri ençeme gezek teleýaýlymlarda diňleýjiler köpçüligine ýetirildi. Esasan hem Talhatanbaba, Ahunbaba ýadygärlikleri, Soltanbent suw desgasy, gadymy guýular bilen baglanyşykly täsirli çykyşlary uly seslenmä eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiziň döreden giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, okatmagyň dürli usullaryny okuw sapaklarynda ulanýan mugallym Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde geçirilen ylmy-usuly maslahatda “Mekdep muzeýinde oba we etrap taryhynyň ýazgysy”, “Baýdagym — buýsanjym” atly temalarda, Türkmenistanyň Milli bilim institutynda birnäçe ýyllardan bäri bölekleýin okuwlarda çykyş etdi. Onuň çeken yhlasly zähmeti göz öňünde tutulyp, 2011-nji ýylda milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Ýaş şägirtlerine halypalyk goluny uzadyp, mugallymçylyk käriniň inçe syrlaryny öwredip gelýän Meretguly Derýaýew 2012-nji ýylda welaýat derejesinde geçirilen “Mekdep mirashanasy” bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy. Onuň mekdepde döreden baý eksponatly muzeýi häzirki günde okuwçylarda milli gymmatlyklary aýap saklamak, olara sarpa goýmak düşünjelerini kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu muzeý oba ýaşaýjylarynda, mekdep okuwçylarynda uly gyzyklanma döredýär. Sebäbi ol ýerde obanyň taryhy baradaky giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmak bolýar. Ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklar, geçmişde ulanylan küýzeler, haly önümleri, oba hojalygyna degişli esbaplar, taryhy kitaplar bu ýerde ýerleşdirilen. Muzeýiň pullar bilen baglanyşykly bölegi has-da ünsüňi çekýär. Umuman, muzeýde ýaş neslimize Watanymyzyň taryhy bilen bir hatarda, dogduk obasynyň taryhyny öwrenere zat kän. Muzeýe ýolbaşçylyk edýän Meretguly mugallymyň her bir taryhy gymmatlyk barada berýän gürrüňleri, rowaýatlary okuwçylar üçin örän täsirli. Şonuň üçin okuwçylar boş wagtlarynda, dynç alyş möwsümlerinde mekdep muzeýine barýarlar we bu ýerde geçirilýän medeni çärelere gatnaşýarlar.

Mugallymlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerine jogap edip, yhlasly zähmet çekýärler. Ösüp gelýän ýaş nesliň Watana, il-güne, mähriban Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmaýarlar. Arkadag Prezidentimiziň halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, bagtly geljegi üçin alyp barýan asylly we döwletli işlerinde rowaçlyklar hemişe hemra bolup, janynyň sag, başynyň belent bolmagyny arzuw edýäris.

 

Begenç MYRADOW, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.