Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖWRÜŇ DERWAÝYS MESELESI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda Garaşsyz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hatarynda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek has uly ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda ekologiýany goramaga, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmaga uly üns berilýär. Ata Watanymyz sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, BMG-niň bu ugurdaky ýörite edaralary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren umumadamzat bähbitli teklipleri halkara giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramaga degişli birnäçe maksatnamalaryna goşuldy. Ýurdumyzda hereket edýän “Tebigaty goramak hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň kabul edilmegi tebigatyň ygtybarly goragyndan habar berýär. Görnüşi ýaly, daşky gurşawy goramak, häzirki döwrüň derwaýys meselesiniň biridir. Sebäbi, adamzadyň saglygy we abadançylygy topragyň, suwuň, howanyň, ösümlikleriň, jandarlaryň ekologiýasy bilen baglydyr. Şonuň üçin daşky gurşawy halkara guramalary bilen bilelikde goramak we ony gowulandyrmak häzirki döwrüň esasy wajyp wezipesi bolup durýar.

Ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak we tebigata aýawly çemeleşmek, ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş- ykdysady özgertmeleriň möhüm ugrudyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda “Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr” diýlip bellenilýär. Tebigaty goramak barada alnyp barylýan işleriň hatarynda milli kanunçylygymyzda amala aşyrylýan özgertmeler aýratyn bellärliklidir.

Ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri tebigatdan paýhasly peýdalanmagy, ony gorap saklamagy ündäpdirler. Şu günki günde bolsa, türkmen halkyna ajaýyp tebigatymyzy goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak baradaky düşünjeleri bermegiň uly ähmiýeti bar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, Gahryman Arkadagymyz bag ekmek ýaly sogaply işlerde şahsy görelde görkezýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdany has giňeýär we bagy-bossanlyga bürenýär. Eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň golaýyndaky dag eteklerine bag nahallary yzygiderli ekilýär. Bu işler halkymyzy ekologiýa taýdan terbiýelemäge we olarda zähmet endiklerini kemala getirmäge ýardam berýär. Mahlasy, tebigat biziň öýümiz, ony aýawly hem gorap saklamak ekologiki medeniýeti kemala getirýär. Daşky gurşawyň gowulanmagy bolsa, ilatyň saglygynyň goralmagynda uly ähmiýete eýedir.

Ekologiýa baradaky düşünjeleri baýlaşdyrmak we daşky gurşawy gorap saklamak asylly işlerimiziň biri bolup durýar. Geljekde hem daşky gurşawy goramakda, ilatyň arasynda giň gerimli işleri dowamly alyp barmakda dürli çäreleri, maslahatlary geçireris.

 

Seýitmyrat ATAMYRADOW. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.