Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÇARY AGANYŇ ÇARBAGY

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň we “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň redaksiýasynyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly döredijilik bäsleşigine

 

Erik,­­ül­je,­­al­ma ­bar,

Mi­we­le­riň ­dady­ bar,

Sag­ly­ga ­nep­ tu­dam­ bar,

Ça­ry ­aga­nyň­ ba­gyn­da.

 

Mary şäheriniň ýaşaýjysy, “Azat-Bazar” hususy kärhanasynyň eýesi, bagban Çary Şagylyjow dürli görnüşli miweli baglary, bezeg tutlaryny, nahallaryny ýetişdirmekde meşhurlyk gazandy.

surat

Çary Aşgabatdaky söwda tehnikumyny tapawutlanan diplom bilen tamamlady. Soňra Moskwanyň ykdysadyýet we söwda institutyna girip, ony 1989-njy ýylda tamamlap, öz hünäri boýunça birnäçe ýyl zähmet çekdi. Ýöne ýaşlykda eden etsem-goýsamlary, bag ýetişdirmek barada eden arzuwlary oňa hiç ynjalyk bermedi. Şeýdip, ol 1993-nji ýylda “Bag ýetişdirjek” diýip, 6 gektar ýeri kärendesine aldy. Onuň ýaşlykdan arzuw eden işine bolan höwesi, erjelligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, işjanlylygy göwün söýen kärinde döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrdy

Ýer alyp, ony özleşdirmekde, dürli görnüşli miweli agaç nahallaryny tapmakda, olary topraga oturdyp, ýetişdirmekde ilkinji ýyllarda edilen işleriň hysyrdysy az bolmady. Bazarlardan bazarlara aýlanyp, gabat gelen nahallaryň alnyp, ýere oturdylmagy ýaş bagbany pikirlendirmän durmady. Şol ýyllarda oňa: “Ne gözel käriň barka, beýdip salgyma kowalaşyp ýörmäň näme?!” diýenlerem tapyldy. Ýöne onuň gursakda orun tutan bagbançylyga bolan höwesi kynçylyklardan rüstem geldi. Ol bagbançylyga degişli hünärmenleriň maslahatlaryny, makalalary gazet-žurnallardan ürç edip okady.

— Bag ýetişdirmek üçin taýýar aşa eýe bolmaly däl, özüň sapyp ýetişdirseň, hasda süýji bolar — diýip, ol belli-külli karara geldi. Şu pursatda “Diýar” žurnalynyň baş redaktory, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň “Türkmenistan” gazetiniň 2017-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky sanynda çap edilen “Şatudyň eýesi” atly oçerkinden şu aşakdaky jümleleri getirýäris:

“...Bir günem agşam şamyndan soň, telewizora seredip otyrdy. Haýsydygy anyk ýadymda däl, ýaýlymlaryň birinde ajaýyp görnüşe aňk boldy. Giden baglyk. Ekilişini diýsene! Topraga agaç oturdylman, ylla kagyza ussat biri nagyş çeken ýaly. Miwelerini göräýseň! Seretseň, agzyň suwaryp barýar. Çary başyna bir heser uran ýaly, uzakly gijäni oýaly-ukuly geçirdi. Ertesi ir bilen hem ýöriteläp Sakarçägä gitdi. Şägirdi hem ümi alyşýan dosty Guwanç Annageldiýewi tapdy.

— Inim, agaň-a bir hyýala münendir. “Ýeke goýbermen” diýseň-ä, içimi dökjek.

Tutan ýerini goparmasa ynjalmaýan halypasynyň gürrüňlerinden onuň bäri-bärde durmajakdygyny aňan Guwanç ýylgyrdy. — Bähbitli işe ýaran bolubilsek, ne armanymyz, agam! Olar şeýdibem, ara uzak wagt salman, Şwesiýa ugradylar. Bu waka 1998-nji ýylda bolupdy. Olar bazara barmadylar, dükana aýlanmadylar. Sorap-idäp, bagçylyk hojalygyna maňlaý dirediler. Hususyýetçilikdäki uly hojalygyň eýesi uzak Türkmenistandan görmäge, tejribe öwrenmäge, ylmy-tehnologik täzelenişleri bilmäge gelen gonaklary juda mähirli garşylady. Şeýdibem, birki günläp aýlandylar, irmän-ýadaman gördüler, öwrendiler. Damjalaýyn suwarylyşy, topraga şol usulda gerekli dökün berlişi, her düýp agaja aýratyn pasport-hasabat işiniň gidişi, şol esasda ýyllyk, möwsümleýin hasylyň kesgitlenişi, gerekli däri-dermanyň mukdary, zyýankeşlere garşy çäreleriň geçirilişi... garaz, bilmäge, öwrenmäge zat ýetik boldy.

Gündogaryň danalarynyň biriniň “Bilmedigini sorap öwrenen alym” diýşi ýaly, Çary Şagylyjow bilmeýänlerini ilden, zyýat bilýänlerden, ökdelerden öwrendi. Indi onuň sapyp, ýetişdiren nahallarynyň görnüşleri 20-ä ýetiberdi. Ynha, erigiň, şetdalynyň 4 sorty, üljäniň 8 sorty ülpüldäp otyr. Şeýdip, bagyň içindäki nahallar barha gürelmek bilen boldy”. Hawa, Çary Şagylyjowyň gözlegleri dürli görnüşli miweli baglary, bezeg tut nahallaryny ýetişdirmäge mümkinçilik berdi. Çary aga gözlegini dowam etdirdi. “Gözlän tapar” diýleni. Ol gözleginiň dowamynda Russiýanyň Stawropol, Krasnodar ülkelerine, Gara deňiz töwereklerine, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýöriteläp gitdi. Onuň baran ýerinde gözlegi miweli bag boldy. Miweli baglara ideg etmegiň, nahallary sapmak arkaly olaryň tagamly görnüşlerini ýetişdirmegiň düzgünlerini hünärmenlerden sorap, olaryň maslahatlaryny ýandepderçesine belläp aldy. Soňra Çary aga Türkiýe Respublikasyna hem gidip geldi. Ol şol ýerde bolanda öz kowumdaşlarymyzyň bag ýetişdirişleri bilen içgin gyzyklandy. Çary aganyň öz hasabyna daşary ýurtlara eden saparlary miweli agaçlaryň ýokary hilli nahallaryny ýetişdirmekde, tut agaçlarynyň görnüşlerini döretmekde oňa mekdep boldy. “Tut — biziň mirasymyz” di- ýip, aýtmaga bizde doly esas bar. Her bir maşgalada tuduň ösüp oturmagy, onuň şatut adyna eýe bolmagy, ýüpek gurçuklaryna berilýän tut ýapraklarynyň lukmançylykda ulanylmagy, tuduň guran synasyndan milli senedimiz bolan dutaryň, gelin-gyzlaryň başdaraklarynyň, söweş meýdanynda ulanylan ýaýdyr peýkamlaryň ýasalmagy tuduň gadymylygyndan, milli mirasymyzlygyndan habar berýär. Türkmeniň ak bugdaýy, bedew aty, alabaý iti, halysy, dutary milli gymmatlyklarymyz bolsa, onda şirin labyzly owazy bilen adamlaryň ruhuna ruh goşýan dutaryň çig maly bolan tuduň hem türkmeniň milli gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagy maksada laýyk bolar.

 Tut agaçlary asyrlarboýy türkmen maşgalasynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Tuduň saglyga deňelmegi onuň kömürturşy gazyny özüne kabul edip, özünden beýleki agaçlardan has köp, iň arassa kislorody bölüp çykarmagy bilen baglydyr. Şeýle hem onuň miwesi — tudanasy köp kesellere däri-dermandyr. Tut şorlaşan toprakly ýerde hem kadaly ösýär. Ol köküniň üsti bilen ýerasty ajy suwlary sorup alyp, olary süýji suwa öwrüp, ýapraklarynyň üsti bilen bugardýar. Tudy müňýyllyklardan bäri ekip gelipdirler. Tuduň beýleki daragtlardan tapawutlylygy göz öňünde tutulyp, ony “Şatut” diýip atlandyrypdyrlar. Adamlar biri-biri bilen saglyk-amanlyk soraşanlarynda, “Janyň tut ýaly sagat bolsun!” diýip ýüzlenýärler. Şeýle diýilýän, ýapragyndan ýüpek, synasyndan dutar bolýan, çekilen ýüpeginden kiriş çykýan, köp derdiň däri-dermany bolýan şatuda “saglygyň simwoly” diýse bolar.

Çary aga köpýyllyk gözleglerden soň bagynda sapmak arkaly tuduň täze üç görnüşini ýetişdirdi. Olardan çartut hakda durup geçeliň. Tuduň bu görnüşini döretmek üçin ýerli tuduň dört görnüşi gatnaşdyrylýar. Şeýlelikde, onuň ýapragy galyň, 45 santimetre çenli ululykdaky ýaprakly nahal ýetişdirilipdir.

Çynartudy. Tuduň bu görnüşi, ululygy, çynar görnüşli çalt, göni ösýänligi, ýapragynyň çynara meňzeýänligi sebäpli “Çynartudy” adyna eýe bolýar. Tuduň sežde görnüşi bolsa, çybyklarynyň aşak ösýänligi, miwesiniň aňsat ýygylýanlygy bilen tapawutlanýar. Bu bezeg tutlarynyň nahallary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe etrap, şäher merkezleriniň edara-kärhanalaryň, täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, söwda, sport toplumlarynyň binalarynyň meýdançalaryna bezeg berýär. Seýilgählerde, ýanýodalaryň gyralarynda oturdylan bezeg tut agaçlary hem göreniň ünsüni özüne çekýär. Bu bezeg agaçlary diňe welaýatymyzyň çägine däl, eýsem, ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň ençeme edara-kärhanalarynyň meýdançalaryna hem bezeg berip başlady.

Bizi Çary aganyň şu wagta çenli miweli agaçlaryň we şatudyň näçe sany nahalyny ýetişdirendigi gyzyklandyrdy. Ol ýandepderçesine seredip, onuň hasabyny ýöredýändigini aýdyp, ýarym million düýpden geçendigini nygtady.

Ol özüniň galjaňlygy bilen nahal diýip haýyş eden adamlara ýetişdiren nahallaryndan görnüşlerine görä alyp, özi oturdyp berip, edilmeli agrotehniki idegleri aýdyp, ideg edilişine wagtly-wagtynda gözegçilik edip gaýdýar.

 Çary aga sahawatlylygy, kiçigöwünliligi, adamkärçiligi, işeňňirligi, kärine ussatlygy bilen köpleriň alkyşyna eýe bol- ýar. Onuň bagyndaky iş otagynda etrap-şäher häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň, zawod-fabrikleriň ýolbaşçylarynyň minnetdarlyk hatlarynyň köpsanlysy bar.

Biz onuň öndürýän miwe önümlerini hem-de täze ýetişdir- ýän miweli baglarynyň hem-de şatudyň nahallaryny ilata nähili ýetirýändigi bilen gyzyklandyk.

— Bagymyzdaky miweli agaçlaryň görnüşleriniň sany 20-den geçýär. Olar tapgyrlaýyn, dürli-dürli möhletde bişip ýetişýärler. Ýaz paslyndan başlap, güýzüň ahyrky aýyna çenli miwe hasylyny ýygnamak işi dowam edýär. Biz ýetişen miweleri we miweli agaçlaryň hem-de tut agaçlarynyň nahallaryny “Azat-Bazar” hususy kärhanamyzyň üsti bilen ilata, alyjylara ýetirýäris.

Ýene bir geçginli harydymyz hem erik kişdesidir. Şahasynda kişde bolýan erigiň görnüşi hasylyny köp getirýänligi, kişdesiniň juda süýjüligi bilen tapawutlanýar. Şol kişdeleri maşgalam — Altyn gelnejeňiz täzeden işläp, arassa, owadan, tagamly, ilhalar önüm edip taýýarlaýar. Bagbançylygyň inçe syrlaryny öwrenmäge çalyşýan Serdar Atajanow ýakyndan kömek berýär.

Şu pursatdan peýdalanyp, hususyýetçilere, kiçi we orta telekeçilere işlemäge, ýer bilen iş salyşmaga ähli mümkin- çilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýärin! Milli Liderimiziň alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! — diýip, ol buýsançly gürrüň berdi.

 

Agamyrat ATANYÝAZOW. Žurnalist.

SURATLARDA: ussat bagban Çary Şagylyjow ýetişdiren tut nahallarynyň ýanynda; miweli bag. Suratlary düşüren awtor

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.