Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MÖHÜM WEZIPE

Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de adam­za­dyň iň gym­mat­ly baý­ly­gy ha­sap­la­nylýan yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz etmek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Biz ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ug­run­da gel­jek­de hem giň ge­rim­li iş­le­ri ama­la aşy­ra­rys» diý­mek bi­len, tu­tuş dün­ýä­de giň­den ýaý­ran howp­ly ýo­kan­jyň ýur­du­my­zyň çä­gi­ne ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak hem-de oňa gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça mö­hüm we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di. Bu ugur­da sagly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri bi­len bir­lik­de, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri hem de­giş­li wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni, aý­ra­tyn-da, howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň adam sagly­gy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri we olar­dan go­ran­mak üçin şah­sy aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni yzy­gi­der­li ber­jaý et­me­giň ze­rur­ly­gy dog­ru­syn­da ilat ara­syn­da dü­şün­di­riş çä­re­le­ri­ni ge­çir­ýär­ler.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­rasat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň sag­lygy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­mynyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, sag­ly­gy go­ra­ýyş edara­la­ry­nyň, be­je­riş we anyk­la­ýyş mer­kezle­ri­niň, şy­pa­ha­na­la­ryň hä­zir­ki za­ma­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän bi­na­la­ry gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Mad­dy-en­jam­la­ýyn dü­zü­mi yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Di­ýa­ry­myz­da ada­myň sag­ly­gy­ny ýo­ka­ry de­re­je­de sak­la­mak işi ola­ry ýo­kanç ke­seller­den go­ra­mak, ila­tyň ara­syn­da köp­çü­likle­ýin be­den­ter­bi­ýäni we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek bi­len saz­la­şykly al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň çar künjün­de he­re­ket ed­ýän şy­pa­ha­na­lar­da we luk­man­çy­lyk mer­kez­le­rin­de hal­ky­my­za göw­ne­jaý hyz­mat edil­ýär.

Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da: «Türk­me­nistan­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy adam­dyr» di­ýlip bel­le­nil­ýär. Biz hä­zir­ki dö­wür­de Kons­ti­tu­si­ýa­myz­da be­ýan edi­len bu jüm­le­le­riň yzy­gi­der­li durmu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň şa­ýa­dy bol­ýa­rys. Yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de äh­mi­ýe­ti uly bo­lan be­den­ter­bi­ýä we spor­ta uly üns be­ril­me­gi ýur­du­myz­da ýaş nes­liň ru­hy hem be­den taý­dan sag­dyn bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Çün­ki sport bi­len meş­gullan­mak adam be­de­ni­niň sag­dyn, güýç­li, owa­dan, şeý­le-de süň­ňü­niň ýe­ňil, çe­ýe bol­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Şo­ňa gö­räde, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gel­jek­de hem ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ömür do­wamly­ly­gy­ny uzalt­mak, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bag­ly iş­le­riň giň ge­rim bi­len do­wam et­diril­jek­di­gi­ni nyg­ta­ýar. Mu­nuň özi «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan mak­sat­lar­dyr we­zi­pe­le­riň ýur­dumyz­da üs­tün­lik­li amal edil­ýän­di­gi­niň, kesel­le­riň öňü­ni al­mak, luk­man­çy­lyk yl­my­ny ös­dür­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni, sag­dyn dur­muş ýörel­ge­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­mek ba­bat­da ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­butna­ma­sy­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si biz, jem­gy­ýetçi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni ýur­du­myzda ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we sag­ly­gy go­raý­şy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni ilat ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat et­mek­de mundan beý­läk hem yh­las­ly zäh­met çek­mä­ge borç­lan­dyr­ýar.

 

Ene MÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.