Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖWREBAP AMMARYŇ HYZMATY

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy ýylyň ähli paslynda öz topragymyzda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa ter gök-bakja önümleri hem-de dürli görnüşli miweler bilen üpjün etmek baradaky tabşyrygy welaýatymyzda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine hususy ulgamyň işine höwes bilen goşulan işewür telekeçileriň aladasy bilen pomidor, hyýar, ýertudanasy ýaly önümleri ýetişdirýän ýyladyş- hanalaryň birnäçesiniň gurlup, işe girizilmeginiň mysalynda hem göz ýetirmek bolar. Şonuň ýaly-da, etraplaryň daýhan birleşiklerinde ýerleri uzakmöhletleýin kärendesine alýan telekeçileriň hasabyna ekilýän gök-bakja ekinleriniň we miweli baglaryň meýdanlarynyň sanlyja ýylda ozalkysyndan birnäçe esse artmagy-da onuň subutnamasydyr. Ýer eýeleriniň yhlasly aladasy, janypkeşlikli zähmeti arkaly şol ýerlerden öndürilýän dürli görnüşli önümlerdir miweleriň gowy hil derejesinde saklanyp, ýylyň bütin dowamynda ilata terligine ýetirilmegi üçin hem şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini buýsanç bilen aýdyp bolar. Welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň garamagyndaky gök-bakja, miwe we gaýry ekinleriň hasylyny kabul etmek hem-de saklamak üçin mundan birnäçe ýyl ozal gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap ammar hem onuň mysalydyr. Umumy göwrümi 3 müň tonna barabar önümleri talabalaýyk saklamaga niýetlenen bu ammar daýhan birleşikleri we daýhan hojalyklary bilen ýylyň başynda önümleri satyn almak boýunça şertnama baglaşýar. Şonuň esasynda önüm öndürijilerden ýeralma, sogan, kelem, käşir, pomidor, hyýar, şugundyr, sarymsak, gawun, garpyz, kädi ýaly önümler we dürli miweler kabul edilip, ammaryň niýetlenen jaýlarynda ýerleşdirilýär. Şeýlelikde, şol önümler tä indiki möwsüme çenli terligine, zaýasyz saklanyp, ilata elýeterli bahalardan satylýar.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat pudagyny döwrebap özgertmek we ösdürmek boýunça giň mümkinçilikleri döredip berýär. Şolaryň biri-de, daýhan birleşikleriniň hem-de daýhan hojalyklarynyň eýeçiligindäki ýerleriň kesgitlenen böleginde gök-bakja ekinlerini ekip, miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge rugsat berilmegidir. Degişli resminamalar esasynda ýerleriň 99 ýyllyk möhlete daýhan hojalyklaryna ulanmaga berilmegi bolsa, ýerden bol hasyl alyp, sahawatly topragymyzyň berekedini artdyrmakda ykbalyny topraga baglan daýhanlaryň işjeňligini ýokarlandyrdy. Şonuň netijesinde agzalan önümleriň öndürilişi ýylsaýyn artýar. Welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigi boýunça geçen ýyl gök-bakja hem-de miwe önümleriniň bellenen möçberinden artyk kabul edilip, 11332 tonna ýetirilmegi hem onuň hakyky subutnamasydyr. Bu görkezijiniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem durnukly boljakdygyny bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler doly aýan edýär.

 

Gülruh HALJANOWA, agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.