Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖSÜŞLERIŇ MEKANYNDA

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işleri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, şeýle hem sebitde we dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň asudalygyň hem-de howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlarynyň we amala aşyrýan anyk işleriniň netijesinde, ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynda döwletara gatnaşyklaryny sazlaşykly we durnukly ýola goýmak durnukly ykdysady ýaşaýyş-durmuş we ynsanperwer ösüş üçin esasy şert hökmünde hyzmat edýär. Şeýle buýsançly gadamlary bilen ýyl-ýyldan belent derejä çykýan ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki mertebe: 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň çärek asyrlyk toýunyň bellenilýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edilen üstümizdäki ýylyň şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, ösüşiň täze tapgyryna gadam basan ýurdumyz bu gün dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň berkarar bolmagy ugrunda hemişe alada edýär, ýakyn-alys döwletler bilen hoşniýetli, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga we ählumumy peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan syýasaty ýöredýär. Ýurdumyzda üstümizdäki ýylda giňden belleniljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatly barmak üçin döredijilikli we yhlasly päk zähmet gaýnap joşýar.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen birlikde ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň önümçiligine-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, pudagyň edara-kärhanalarynyň ýöriteleşdirilen, kuwwatly, çöl şertlerinde-de amatly, ýokary geçirijiligi bolan ýöriteleşdirilen ulag serişdeleri bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň işlemek üçin döredýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ulaglar müdirliginiň işgärleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatly garşylamak üçin konserniň edara-kärhanalarynyň buýurmalary esasynda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynda, «Galkynyş», «Kerwen», «Malaý», şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki gaz känlerinde ýokary öndürijilikli işleýärler.

Goý, beýik işleri durmuşa geçirýän, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi ugrunda bimöçber tagallalary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, umumadamzat bähbitli başlangyçlary, döwletli işleri rowaç bolsun!

 

Batyrgylyç SARYÝEW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ulaglar müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.