Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMEN TELEKEÇILERINIŇ BATLY GADAMLARY

Telekeçilik Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagynda barha möhüm orun tutýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli taslamalar boýunça halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Daşary ýurtlarda söwda wekilhanalaryny we merkezlerini açýarlar. 2016-njy ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda wekilhanasy açyldy. Bu birleşigiň wekilhanasy Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda hem hereket edýär. Ýurdumyzyň telekeçileriniň önümleriniň köp bölegi Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky söwda merkezlerinde ýerlenilýär. 2016-njy ýylda şeýle merkez Hytaý Halk Respublikasynyň Sinhaý welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sinin şäherinde açyldy. TSTB-niň «Rysgal» söwda öýi Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde hem işläp başlady.

Paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hatarynda hususy işewürligiň wekilleriniň müňlerçesi bar. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamy uly özgertmelere we ösüşlere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara söwda ulgamyndaky we harytlary ýerlemek babatyndaky iň gowy tejribeleri öwrenip, daşarky bazarlardaky islegi öwrenmegiň möhümdigini nygtap, orta we kiçi telekeçilige giň goldaw bermek syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar. «Türk­me­nis­ta­ny 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bu ugurdaky öňde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi hususy pudagyň ornunyň barha artýandygyna we onuň ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetindäki ähmiýetiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz hatarynda 24 müňden gowrak agzany birleşdirýär, olar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly işleýärler. TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýylynyň dowamynda telekeçiler tarapyndan iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi onuň geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýär. Telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Geçen sanlyja ýyllarda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary çalt we netijeli ösdürmek maksady bilen, ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Şol sanda salgyt ulgamy kämilleşdirildi, telekeçilik işini hasaba almagyň we ygtyýarlandyrmagyň, ýeňillikli karzlar bilen üpjün etmegiň tertibi kämilleşdirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Aga gurluşyk», «Myradym», «Ajaýyp bina», «Dürli ýaz», «Berk gala gurluşyk», «Rysgally zähmet», «Ajaýyp gurluşyk», «Beýik bina» hususy kärhanalary, «Döwlet gurluşyk», «Dor bedew», «Hyzmat merkezi», «Us­sat in­že­ner», «Al­tyn ne­sil» hojalyk jemgyýetleri döwlet strategik maksatnamalaryň çäklerinde iri buýurmalary ýerine ýetirmekde, gurluşyk senagatynda uly üstünlikleri gazanýarlar. Şol buýurmalaryň hatarynda türkmen paýtagtyny, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmak, awtoýollary, köp derejeli döwrebap awtoduralgalary, gidrotehniki we beýleki desgalary gurmak boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň senagat ulgamynda uly tejribe toplan hususy kärhanalar, telekeçiler öndürýän gurluşyk serişdeleri, beýleki dürli görnüşli önümleri bilen dünýä bazaryna üstünlikli çykýarlar. Bu önümleriň hatarynda turbalary, kerpiçleri, demirbeton gurluşlaryny, gidrogorag serişdelerini, ýuwlan çägäni, penopolistiroly, keramziti, dürli boýaglary, elektrik kabellerini, bezeg daşlaryny we kafelleri, gury gurluşyk garyndylaryny hem-de ýag we howa filtrlerini, akkumulýatorlary we beýleki önümleri belläp bolar.

Täze önümleriň hatarynda «Derýaplastik» hususy kärhanasynyň sanfaýans önümleri, dürli diametrdäki kabelleri bar. Bu kärhana gurluşyk ulgamynda zerur bolan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň 600-den gowrak görnüşini öndürýär. Gurluşyk serişdeleriniň köp görnüşlerini, şol sanda izogam öndürýän meşhur «Çaly» kärhanasy, «Giňdere» hususy kärhanasy hem öz öndüren önümleri bilen giňden tanalýar. Täze senagat önümçilikleriniň sanawynda Mary welaýatynda milli ýüpek ýaglyklary hem-de keteni matalary öndürýän sehler, ýurdumyzyň Demirgazyk welaýatynda döredilen milli egin-eşikleri öndürýän kärhana işjeň hereket edýär.

Ýurdumyzyň mebel önümçiliginde dürli görnüşdäki mebelleri öndürýän kärhanalaryň sany hem barha artýar. «Aýbölek» fabriginiň mebelleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem bellidir. «Abraýly önüm» we «Çigildem», şeýle hem, «Sary agaç» we beýleki kärhanalar hem özleriniň dürli görnüşli mebelleri, gapy, penjire önümçiligi bilen giňden tanalýar. «Durmuş dowamy» hususy kärhanasy çagalar üçin örän oňaýly we ekologiýa taýdan arassa mebelleri öndürýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumyna, azyk we gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektrik enjamlarynyň önümçiligine, IT tehnologiýalaryna degişli düzümleri, şeýle hem söwda, syýahatçylyk, bilim, hyzmat ediş ulgamy, ulag we logistika ulgamlaryna, halk amaly senetçiligine ýöriteleşdirilen düzüm bölekleri we welaýat bölümleri, hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri häzirki wagtda üstünlikli işleýärler.

Innowasion tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berilýär, olaryň kömegi arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek boýunça uly netijeler gazanylýar. Ýurdumyzyň telekeçileri giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge hemde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilaty iş bilen üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar gözel paýtagtymyz Aşgabady, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, obadyr şäherleri abadanlaşdyrmak, ulag ýollaryny, gidrotehniki desgalary, raýat awiasiýasynyň düzümindäki desgalary we beýlekileri gurmak bilen bagly işlerde aýratyn işjeňlik görkezýärler.

Üstümizdäki ýylda telekeçiler täze iri önümçilik desgalarynyň gurluşygyna buýurmalary hem aldylar. Mysal hökmünde, «Beýik bina» hususy kärhanasy we «Türkmen Enjam» hojalyk birleşigi Bäherdendäki, şeýle-de Lebap welaýatyndaky sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça halkara bäsleşikleriň ýeňijileri boldular. Olaryň gurluşygyna şu ýylyň iýul aýynda başlamak we desgalary 2022-nji ýylyň dekabrynda doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Zawodlaryň her biriniň meýilleşdirilýän kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aýdyň gijeler» hojalyk birleşigi «Smart TV» platformaly we özünde oturdylan «IP-tunerini» «4 K Ultra HD» telewizorlarynyň önümçiligini özleşdirdi, ol önümler eýýäm ýerli bazarlara çykaryldy.

Birinji ýarym ýylda obasenagat toplumynyň desgalarynyň hem ençemesi ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda iri ýyladyşhana hojalyklary bar, şeýle hem guşçulyk, maldarçylyk we balykçylyk, gök we bakja önümlerini we miweleri gaýtadan işleýiş toplumlary gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň welaýatlaryna iýun aýynda amala aşyran iş saparlarynda telekeçiler bilen bolan duşuşyklary aýratyn bellärliklidir.

 

Bahar NI­ÝA­ZO­WA, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Içerki we daşarky bazarlarda haryt dolanyşygyny öwreniş müdirliginiň baş hünärmeni, ministrligiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.