Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄZE ÖZGERTMELERE TARAP

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna geçmek häzirki döwrüň derwaýys wezipesidir. Milli Liderimiziň ýaş nesle berilýän bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, onuň hiliniň dünýä dere jesine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» kabul eden Karary bu meselä çynlakaý çemeleşilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Beýik ösüşler we öňegidişlikler bilen gurşalan ýurdumyzda her bir Watan perzendiniň bilimli, sowatly, sagdyn pikirlenip bilýän çuňňur aň-düşünjeli bolmagy üçin uly aladalar edilýär. Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybap daş dowam etmekdedir, nesillere ýetirmekdedir. Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy. Bu resminamada ulgamyň işgärleriniň öňünde bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak ýaly wezipeler goýuldy. Öňümizde bilimiň täze bir gözýetimi, täze bir geljegi ýaýylyp ýatyr. Gahryman Arkadagymyzyň döreden mümkinçilikleri bu ýollar da gazanyljak beýik üstünlikleriň sermaýasydyr.

 

Ogulnur BAZAROWA, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Saýat etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.