Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

PÄLWANLAR MAŞGALASY

Onuň oba arasynda tutulýan ady  Taýjyk ussa bolsa-da, deň-duşlary onuň  adyny Pälwan diýip tutýarlar. Ol indi  segseni arka atan adam. Taýjyk ussa  Görogly etrabynyň Berkarar geňeşliginde sylanýan ýaşulularyň biri. Ömrüniň  köpüsini daýhançylyk, maldarçylyk bilen  geçiren adam. Taýjyk ussanyň deň-duşy  Atajyk Muhammedow bilen bolan gürrüňdeşlikde ol: 

-Taýjyk ýaşlykda örän  ezberdi, onuň elinden  gelmeýän hünär ýokdy. Haýsy işiň başyna  barsa-da öň görüp goýan ýalydy. Öz işiniň ussadydy. Ýetginjek mahallarymyz  boş wagt tapsak, üýşüp göreş tutardyk.  Ol şoňa-da ýolbaşçylyk ederdi. Öwlüýä  ýabyň ilersindäki kirşenlik ýer biziň türgenleşik meýdançamyzdy. Şeýdip onuň  ussat ady wagtyň geçmegi bilen ussa  öwrülip gitdi-diýip, gürrüň berdi. Şonda  kirşenli meýdançanyň gürrüňi gozgalanda Taýjyk ussa hem gürrüňe goşuldy. 

-Atajyk mamla, biziň ýaşlykda göreş  meýdançamyz Öwlüýa ýabyň goltugyndaky kirşenli ýerdi. Türkmen asyrlar  boýy sagdynlygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik ýaşaýşynyň özenine  öwrüp gelen halk. Elbetde, hormatly  Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň  netijesinde sportuň häzirki zaman ugurlary bilen birlikde, ata-babalarymyzdan  dowamat-dowam bolup gelýän görnüşleri hem rowaçlanýar. Tüweleme, diňe  bir biziň etrabymyzda dünýä ülňülerine  gabat gelýän sport mekdepleriniň üçüsi,  sport desgalarynyň ikisi hereket edýär.  Biz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan adam üçin edilýän aladalary owal  düýşümizde-de görmezdik. Men bu eşretleri görüp, barha ýigdelýärin. Ýaşym  segsenden geçse-de, toýlarda göreş  tutulsa kararym ýetmän, bir ýerde durup  bilemok. Ýaşuly pälwanlaryň arasynda  “mamasy baýrak” yglan edilende men  hökman orta çykaýmaly-diýip, sözüni  jemledi. 

Taýjyk ussa maşgalasy Aýjan eje  bilen 11 perzendi — 7 ogul, 4 gyzy terbiýeläp kemala getirdiler. Ýedi ogluň  bäşisi türkmen milli göreşi boýunça  döwletimizde dürli ýaryşlara gatnaşyp,  sport ussatlygy, sport ussatlygyna dalaş-  gärlik derejesine ýeten pälwanlar. Onuň  uly ogluna Goç diýýärler. Goç pälwan  öz agramy boýunça öňki SSSR-iň dürli  ýerlerinde geçirilen ýaryşlara gatnaşýar.  Has takygy, 1988-nji ýylda Demirgazyk  Kawkazda ýerleşýän Karaçaý-Çerkes Respublikasynda geçirilen “Tutuş”(Karaçaý halkynyň milli göreşi) göreşi boýunça halkara ýaryşyna, şonuň ýaly-da,  1989-njy ýylda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen dünýä çempionatyna  gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp  bolýar. Ol häzir ýaşlara guşakly göreşiň  çylşyrymly tilsimlerini öwredýär. 

Taýjyk ussanyň ikinji ogly Nurmyrat  pälwan. Ol milli göreş boýunça Türkmenistanyň sport ussatlygyna dalaşgär,  Türkmenistanyň üç gezek çempiony.  Häzir etrabyň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde ýaşlara milli göreş  boýunça tälim berýär. Üstümizdäki ýylyň  aprel aýynda Türkmenistanyň Kärdeşler  arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan  eden XXI milli sport oýunlarynyň etrap  tapgyrynda saýlama ýaryşda “Pälwanlaryň pälwany” diýen derejä we baş  baýraga mynasyp boldy. Ýeri gelende  aýtsak, ol bu derejäni etrapda indi 21 ýyldan bäri saklap gelýär. Şonuň ýaly-da,  ol milli sport oýunlarynyň 2002-nji ýylda  Lebap welaýatynda geçirilen döwlet tapgyrynda saýlama ýaryşda “Pälwanlaryň  pälwany” diýen derejä we baş baýraga  mynasyp boldy. Ol bu derejäni welaýatymyzda alty gezek eýeledi. Nurmyrat  welaýatymyzyň etraplarynda-da dürli  ýaryşlarda köplenç baş baýraklara mynasyp bolýan pälwan. 

Bir gezek şeýle waka boldy. 2004-nji  ýylyň awgust aýlarydy. Men ol döwürde  Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň  “Şamahy” daýhan birleşiginde işleýärdim. Daýhan birleşiginiň kärendeçisi  Janmät hajy ogul öýerip, uly toý tutdy.  Toýa welaýatymyzyň ähli ýerlerinden,  gum içlerinden men diýen pälwanlar  geldiler. Baş baýragy almak ugrundaky  ýaryşa 32 pälwan gatnaşdy. Ýaryş gaty  çekeleşikli ýagdaýda geçdi. 

Pälwanlaryň göreşiniň soňky tapgyryndaky tutluşyk uzak wagt dowam edip,  Nurmyradyň hasabyna tamamlanan  hem bolsa, kömekçi eminleriň biriniň  säwligi bilen, utuk hasaba alynmady.  Ýaşulularyň goşulmagy bilen, göreş  täzeden tutulmaly edilip, netije ýene-de  Nurmyradyň hasabyna tamamlandy. 

Pälwanlar maşgalasynyň ýene bir  wekiline Parahat diýýärler. Ol Türkmenistanyň sport ussady. Parahat pälwan  agasy ýaly etrabyň 1-nji çagalar we  ýetginjekler sport mekdebinde tälimçi  bolup zähmet çekýär. Ol türkmen milli  göreşi boýunça ýokary netijeleri görkezen pälwandyr. Parahat öz agramynda  14 gezek Türkmenistanyň çempiony  bolmaklygy başarýar. Mundan  başga-da, döwletimiziň  çäginde birnäçe gezek dürli ýaryşlarda  baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Onuň  ýetişdiren pälwanlary şu  günki günde etrap, welaýat,  döwlet derejelerindäki ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.  Olardan Daýanç Toýlyýew iki gezek,  Tahyr Şiriýew bir gezek, Gahryman Atjykow bir gezek öz agramlary boýunça  Türkmenistanyň çempionlary boldular. 

Taýjyk aganyň pälwanlar maşgalasynyň ýene bir wekiline Mukam pälwan  diýýärler. Mukam pälwan etrabyň “Berkarar” daýhan birleşiginde kärendeçi  bolup işleýär. Ol Türkmenistanyň sport ussatlygyna dalaşgär, milli göreş boýunça Türkmenistanyň çempiony. Ol etrap,  welaýat, döwlet derejelerindäki, şonuň  ýaly-da Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan  eden milli sport oýunlarynyň spartakiadalarynda hem baýrakly orunlara  mynasyp bolýar. 

Taýjyk ussanyň körpe ogly Gahryman  hem sportuň bu ugrunda agalary bilen  deň badaklaşýar. Ol Türkmenistanyň  sport ussady, bäş gezek Türkmenistanyň çempiony. 2019-njy ýylyň aprel  aýynyň 24-28-i aralygynda geçirilen  Türkmenistanyň milli göreş boýunça  açyk çempionatynda öz agram derejesinde garşydaşlarynyň ählisinden üstün  çykyp, birinji orna mynasyp boldy. Ol  häzir Türkmen döwlet bedenterbiýe we  sport institutynda okamak bilen, sportuň  çylşyrymly tärlerini öwrenýär. 

Taýjyk aganyň agtyklary Kakamyrat,  Şahymerdan, Röwşen hem atalarynyň  başlan ýoluny dowam etdirip, mekdep  okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ýaryşlaryň etrap, welaýat tapgyrlarynda  baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar,  sport äleminde gazanýan üstünlikleri  bilen atalaryny guwandyrýarlar. 

 

Otuzmät KAKYŞOW,  TKA-nyň Görogly etrap  birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.