Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HEMIŞELIK BITARAPLYK — HALKYMYZYŇ MILLI GUWANJY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly  Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda  dünýä döwletleri bilen hoşniýetli,  dostlukly gatnaşyklaryň gerimi  barha giňeldilýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp,  öz üstüne alan borçnamalaryna  yzygiderli eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy  we howpsuzlygy üpjün etmek  boýunça amala aşyrylýan  işlere işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiz  tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny  gazanmak boýunça  öňe sürülýän netijeli başlangyçlar  dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar.

Mälim bolşy ýaly, 1995-nji  ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen  Milletler Guramasynyň Baş    Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde  agza döwletleriň 185-niň biragyzdan  goldamagy bilen Türkmenistanyň  hemişelik Bitaraplygy hakynda  Rezolýusiýa, 2015-nji ýylyň 3-nji  iýunynda bolsa 69-njy mejlisde  193 döwletiň goldamagynda bu  Rezolýusiýa ikinji gezek kabul  edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  71-nji maslahatynda 12-nji dekabryň  Halkara Bitaraplyk güni diýlip  yglan edilmegi bolsa taryhy waka öwrüldi. Şeýle hem geçen ýyl  Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasyna  agza döwletleriň 73-siniň awtordaş  bolmagynda «2021-nji ýyly Halkara  parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky  Kararnamanyň kabul edilendigini  ýatlamak diýseň buýsandyryjy. 

Hemişelik Bitaraplyk baýramymyzyň halkara hukuk ýagdaýyna eýe  bolmagy hormatly Prezidentimiziň  alyp barýan parahatsöýüjilikli  syýasatynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky  subutnamasydyr. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk  halkara ýagdaýyna eýe bolan taryhy gününden bäri 25 ýyl dolup  gelýär. Taryh üçin gysga bolan bu  döwürde dünýä ähmiýetli, bütin  adamzat bähbitli işleriň ençeme si amala aşyrylyp, Türkmenistan  döwletimiziň halkara giňişligindäki  abraýy has-da berkidildi.

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmeklik eziz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň esasy  özenini düzýär. Şunda esasan hem  Birleşen Milletler Guramasy bilen  gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny nygtap bileris. Bu babatda  BMG-niň Çagalar gaznasy, Bilim,  ylym we medeniýet işleri baradaky hem-de beýleki  gu ramalary bilen hyzmatdaşlygyň has-da  artýandygy guwandyryjydyr. Hormatly  Prezidentimiziň ýöredýän “Açyk gapylar” syýasatynyň  netijesinde, bu gün  Garaşsyz, hemişelik Bitarap  Türkmenistan Watanymyz dünýäde parahatçylyk söýüji, ähli ýerde  parahatçylygyň rowaçlanmagyna  goşant goşýan döwlet hökmünde  giňden tanalýar. Bitaraplyk güni  Garaşsyz döwletimiziň ösüşleriniň  taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senedir. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly,  hemişelik Bitaraplyk bize ynamly  ädimler bilen öňe gitmäge ýardam  edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini  dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny,  şöhrat-mertebesini dünýä ýaýýan  gymmatlykdyr.

Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn  ösmegi üçin giň mümkinçiliklere  ýol açan hemişelik Bitaraplyk  hukuk ýagdaýy halkymyzyň milli  guwanjydyr we mertebesidir. Şonuň  üçin hem, Türkmenistanyň her bir  raýaty Watanyny egsilmez söýgi  bilen söýmelidir. Sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň  umumadamzat ähmiýetini ýaýbaňlandyrmakda taýsyz tagallalary  edýän hormatly Prezidentimiziň  jany sag, ömri uzak, belent başy  aman bolsun! Il bähbitli, dünýä  ähmiýetli işlerinde rowaçlyklar  arzuw edýäris!

 

Begenç MYRADOW, Ylym we bilim işgärleriniň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Ýolöten etrap Geňeşiniň  başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.