Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝERALMANYŇ BEREKETLI HASYLY

Häzirki bazar şertlerinde işewürlik hem guramaçylyk ukybyny ýerlikli ulanyp, täzeçe iş tutmagyň göreldesini görkezýän, hazynalar çeşmesi bolan topraga hyzmat edip, ekerançylyk bilen meşgullanyp gelýän telekeçi Döwran Esenowyň ýylboýy çeken zähmeti rehnet baýlygyny eçildi: onuň ýüzlerçe gektara uzap gidýän kärende ýerinde dürli gök hem bakja önümleriniň bereketli hasyly kemala geldi. Ol milli Liderimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça öňe süren hem-de nusgalyk derejede durmuşa geçirýän täze başlangyçlary esasynda hojalygy täzeçe ýöredip, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden uzak möhletleýin peýdalanmak üçin 844 gektar ýeri kärendesine aldy. Şonça meýdanyň 578 gektar ýerinde ýeralmanyň bol hasyly ýetişdirildi. Häzire çenli bu azyklyk önümiň 8 müň tonnadan gowragy ýygnaldy.

— Şu ýyl ýer yhlasymyza görä hasyl berdi — diýip, telekeçi Döwran Esenow berekede dolan giňlige nazar aýlap duran ýerinden ynamly aýdýar. — Her gektardan alynýan hasylyň garaşylanyndan esli artykdygy has-da guwandyrýar. Bu döwletli işe girişmezden ozal, tejribeli daýhanlar bilen maslahatlaşdyk. Daýhançylygy ýöretmegiň ata-baba ýörgünli usullary bilen häzirki zaman ylmynyň öň debaryjy gazananlaryny utgaşdyryp, iş tutduk. Şeýle seredeňde, hemme atyzlaryň ýeralmalary bir ululykda ýaly. Ýöne olaryň içinde goşýumrukdan ululary-da, adam aýasyna zordan sygýanlary-da bar. Şu güne çenli ýeralma ekilen meýdanlaryň tas 90 göteriminiň hasyly ýygnalyp alyndy. Olar welaýatyň «Miwe» önümçilik birleşigine tabşyryldy. Hasylyň bir bölegi bazarlar, ýörite söwda nokatlary arkaly ilata satyldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýar. Häzir bazarlardaky azyk önümleriniň esasy böleginiň özümizde öndürilen önümlerdigi buýsandyrýar. Onsoňam, halkymyzda «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýlen pähim bar. Ýer — bereket-bolçulygyň egsilmez çeşmesi. Döwrümiz bolsa işleri ýöretmegiň täze usullaryny ornaşdyrmagy talap edýär.

Biri-birine golaý oturan obalaryň eteginden uç alyp, alys gözýetime uzap gidýän bu giň ligiň içine si ňip gidýän gumsalt ýol birmeňzeş halta gaplaryň münder-münder basylan uly üýşmegine baryp direýär. Zähmetiň joş alýan ýeriniň bir çetine münderlenip basylan üýşmegiň töwereginde ýük ulaglarynyň ýene biri gelip durýar. Sähel salymdan mähnet ulagyň ýanynda iş gyzyşýar. Şu ýerde häzir bolup duran traktor laýyk doldurylan haltalary äpet golçasyna alyp, ulaga tarap süýşüp ugraýar. Oba säheri juda tämiz hem owadan: hatar-hatar jaýlaryň, giň ýoluň iki gyrasyny jähekläp oturan agaçlaryň üstünden altyn suwy guýlan mysaly, daş-töwerek zerbap öwüsýär. Herekete hem berekede beslenýän oba ertiriniň durkunda täze günüň, ýagtylygyň hem ýaşaýyş gözelliginiň bir enaýy ýakymy duýulýar. Juda tebigy, reňklere baý, göze gelüwli bu görnüşlerde bereket-bolçulygyň nyşany bar.

Täze eýýamymyzda ynsan durmuşyny gözelleşdirýän, maddy gymmatlyklaryň esasy çeşmesi bolup durýan halal zähmetiň sarpasy belent tutulýar. Sarpalanýan, hormatlanýan zähmetiň netijesi bereketde jemlenýär. Gün bilen bile örüp, alyn derini topraga siň dirip, hasyl bolçulygyny döredýän, ak niýetleri wysala gol berýän daýhan kişiniň şatlygyna, buýsanjyna taý geljek zat ýokdur. Ynsan zähmeti bagta barýan ýoluň iň ýagşysy hem ygtybarlysy hasaplanýar. Topraga yhlasyny siň dirip, ýokary hasyl alýan daýhan wagt hem gi ňişlik çäginde gözellik döretmegiň asylly nusgasyny görkezýär.

Döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden ygtybarly peýdalanýan Döwran Esenowyň kärende ýerinde başga-da gök we bakja önümleri ýetişdirilýär. Häzir 100 gektar meýdanda pomidoryň, 110 gektar ýerde soganyň, 28 gektarda käşiriň, şonçarak meýdanda hem bakjanyň bol hasyly kemala geldi. Şu günler bu ýerleriň hasylyny öz wagtynda ýygnap almak işlerine taýýarlyk görülýär. Ekerançy telekeçiniň ilkinji hasaplamalaryna görä, toýly ýylymyzda 250 tonnadan gowrak pomidor, 275 tonna sogan, 457 tonna käşir, 56 tonnadan gowrak bakja öndüriler. Ekologiýa taýdan arassa, tagamlylygy hem ýokumlylygy bilen tapawutlanýan bu azyklyk önümler ilatyň bereketli saçaklarynyň bezegine öwrüler. Uzak möhlete peýdalanmak üçin kärendesine alnan ýerlerde ekin ekmek, ösüş döwründe olara ideg etmek, ine, bu günki günem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak üçin işiň abyny-tabyny bilýän oba ýaşlarynyň 15-den gowragy zähmet çekýär. Işçiler Ýalkap Agabaýew, Rüstem Myradow, Myrat Rozumbaýew gök we bakja önümlerini öndürmegiň, daýhançylyk kesbi-kärini ýöretmegiň ussatlary hasaplanýar.

— Şu ýyl etrabymyz boýunça gök-bakja ýetişdirmek üçin kärendesine berilýän ýerleriň meýdany ep-esli artdy — diýip, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň kärdeşler arkalaşyklarynyň esasy hünärmeni Atageldi Popow aýdýar. — Jemgyýetçilik guramasynyň işi bilen baglanyşykly bu ýere gelýärin. Telekeçi Döwran Esenowyň 99 ýyl möhlete kärendesine alan ýerinde işleýänler üçin zähmet hem durmuş şertleri döredilen. Biziň obalarymyzyň özünde hem gök ösdürip ýetişdirýän, tejribeli bakjaçy daýhanlar hem az däl. Ýylyň haýsy wagty bolubersin, saçaklarymyzda gögem, gawun-garpyzam hemişe bar. Bular — bolçulygyň nyşany. Daýhançylykda esasy zat — yhlas. Bu ýerde zähmet çekýän oba ýaşlarynyň ýeralmany ösdürip ýetişdirmegiň tejribesini ele alandygy aýdyň bildirýär. Görýäňizmi, bol ýetişen ýeralmalar topragyň içine sygman, joýanyň ýüzüne çykyberipdir. Ýadaman-ýaltanman yhlas siň dirip, idegini ýetirseň, garaşýanyň dan has kän hasyl alýarsyň. Ýygnalan önümleriň bir bölegi welaýat merkezindäki täze gurlan gök önümleri saklaýan ammara iberilýär. Şol ýerde ol uzak wagt terligini hem ýokumyny ýitirmän saklanýar.

Eşret baýlygyny eçilýän täze güni salamatly garşylaýan, iş tutmagyň, halal zähmet çekmegiň netijeli nusgasyny görkezýän ekerançy telekeçi Döwran Esenow ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge öz saldamly goşandyny goşýar. Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallasy, goldaw-hemaýaty bilen döredilýän ýeňillikler, ozallar hyýala gelmedik mümkinçilikler işewür ýigidi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Tylla topraga örküni baglan, ene toprakdan bagt tapýan bu daýhanyň goýazy nazarynda täze döwrümize söýgi, göwünleri şöhlelendirýän ýagşy işleri amal etmek duýgusy nurlanýar.

 

Amanmyrat SAPAROW. «Türkmenistan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.