Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TELEKEÇILIK IŞI

Gurbanmämmet REJEPOW, Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

Nurýagdy AÝNAZAROW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe kafedrasynyň uly mugallymy.

 

KÄRHANANYŇ IŞINI MEÝILNAMALAŞDYRMAGY GURAMAK

 

Telekeçileriň kärhananyň strategiýasyny we saýlap alan ýollaryny işläp taýýarlamagy, ulanmagy üçin netijeli meýilnamalaşdyrmagy üpjün edýän degişli guramaçylyk gurluşy zerurdyr.

Meýilnamalaşdyrmak düşünjesi sözüň giň manysynda, kesgitlenen maksatlara ýetmekde zerur bolan maksatnamalary we çözgütleri saýlap almak hadysasydyr. «Meýilnamalaşdyrmak» sözi has inçeden düşündirilende, dolandyryş işiniň görnüşi, eýeçilik edýän subýektleriň hereketlerini amatly etmegiň usulydyr.

Bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçilik subýektleriniň hereketlerini esasy sazlaýjy hökmünde harytlara we hyzmatlara goýulýan baha bolup durýar. Telekeçiler hojalyk subýektleri hökmünde ykdysady kanunlara, ýagny gymmatyň, isleg bilen teklibiň, nyrh emele gelmek kanunlaryna boýun bolmaga mejbur bolýarlar. Bu ykdysady kanunlar adamlaryň erk islegine bagly bolmazdan, obýektiw hereket edýärler.

Beýleki tarapdan telekeçiler diňe bir bazar kanunlaryna tabyn bolmak bilen çäklenmezden, çözgütleri özbaşdak kabul etmeklige çalyşýarlar. Olaryň çözgüt kabul etmekde özlerini alyp barşy maksada gönükdirilen we oýlanyşykly bolmaly. Başgaça aýdylanda, telekeçiler kärhananyň işini meýilnamalaşdyrýarlar.

Islendik kärhananyň ýa-da telekeçiniň işinde kesgitsizlik bilen çaknyşmak ähtimallygy bar. Kesgitsizligi ýeňip geçmegiň guraly meýilleşdirmek bolup durýar. «Strategiki meýilnamalaşdyrmak» atly E.A.Utkiniň redaksiýasy bilen neşir edilen okuw kitabynda kärhananyň işini meýilnamalaşdyrmak aşakdaky üç sany alamat boýunça derejelere bölünýär:

1. Meýilnamalaşdyrmagyň kesgitsizlik derejesi.

2. Meýilnamalaşdyrmagyň wagtlaýyn ugur almak derejesi.

3. Meýilnamalaşdyrmak gözýetimi.

Kesgitsizlik derejesine baglylykda meýilnamalaşdyrmak determinirlenen we ähtimallyk görnüşlerine bölünýär. Determinirlenen ulgamlar, doly öňünden bilip boljak gurşawy we anyk maglumatlaryň bolmagyny talap edýär. Meýilnamalaşdyrmagyň ähtimallyk ulgamlary bolsa doly bolmadyk maglumatlaryň we netijeleriň kesgitsizlik şertlerinde işlenip düzülýär.

Wagtlaýyn ugur almak, meýilnamalaşdyrmagyň dört görnüşini tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär:

1. Geçmişe gönükdirilen reaktiw meýilnamalaşdyrmak. Munda islendik mesele geçmişdäki ösüş derejesine baglylykda öwrenilýär. Reaktiw meýilnamalaşdyrmaklyk aşakdan ýokary ýerine ýetirilýär.

2. Inaktiw meýilnamalaşdyrmak, häzirki wagtda ýüze çykýan ýagdaýlar esasynda gurulýar. Telekeçiler bu ýagdaýda, öz kärhanalarynyň işinde haýsydyr bir üýtgetme etmäge çalyşmaýarlar.

3. Preaktiw meýilnamalaşdyrmak bolsa, esasan, geljekki üýtgetmelere gönükdirilýär we optimal çözgütleriň gözlegleri ýokardan aşak ýerine ýetirilýär.

4. Interaktiw meýilnamalaşdyrmak çaklama esasynda gurulýar, ýagny kärhananyň geljegi gözegçilige tabyndyr. Esasan hem, dolandyryş çözgütlerini kabul edýän adamlaryň oýlanyşykly hereketlerine bagly bolýar. Interaktiw meýilnamalaşdyrmak kärhanany dolandyrmaklygyň hakykatda görnükli gurluşy bolsa-da, tejribe ýüzünde ulanmak gaty kyn bolýar.

Meýilnamalaşdyrmagyň has giňden ýaýran görnüşi hökmünde soňky wagtlara çenli inaktiw meýilnamalaşdyrmak görnüşi boldy, emma ol kem-kemden preaktiw meýilnamalaşdyrmak görnüşine ornuny berýär.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.