Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GOWAÇANYŇ IDEGI ÝETIRILÝÄR

Saýat etrabynyň «Görelde» daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda 1575 gektar meýdandan 5280 tonna «ak altyn» öndürmegi maksat edinýärler. 5-nji kärendeçiler toparynyň zähmetsöýer daýhanlary 108 gektar ýerde gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirilen, haşal otlardan arassalanan, iki gezek Jeýhunyň mele suwundan mazaly gandyrylan gowaçalary görmäge göz gerek. Aýbölek Agajanowa, Ýusup Ömürow, Gülnabat Weliýewa, Ýoldaş Saparow, Çary Durdyýew, Atamyrat Weliýew, Ogulnur Işangulyýewa, Alym Kadyrow, Egemberdi Allamyradow ýaly kärendeçiler öz ekinlerinden bu ýyl gowy netije gazanjakdyklaryny ynam bilen aýdýarlar. Mehanizatorlardan Gurban Saparow, Polat Jumakow gowaçalara agrotehniki çäreleri geçirmekde, Annaberdi Allaberdiýew, Kerim Allakow gowaçalary ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde kärendeçilere görelde bolarlyk iş bitirýärler. Toparyň daýhanlarynyň çekýän asylly zähmetlerini synlanyňda meýilleşdirilen 108 gektardan 418 tonna «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarsyň.

 

Jora HAKNAZAROW, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.