Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GUWANÇLY NETIJELER

Gahryman Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamymyzyň ýyllary düýpli özgertmeleriň, depginli ösüşleriň zamanasy boldy. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary öndürijilikli zähmet joşup, guwançly netijeler gazanylýar. Bu ruhubelentlikli iş Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň uly toýunyň toýlanyljak ýylynyň buýsanjyndan nyşandyr.

Şanly ýylymyzy — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny gowy görkezijiler bilen şöhratlandyrmaga çalyşýan müdirligimiziň gazçylarynyň tagallalary ýerine düşýär. Işçilerimiz welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, ilatynyň tebigy gaz bilen ygtybarly üpjünçiligi ugrunda arman-ýadaman zähmet çekýärler. Mawy ýangyjyň akymy bilen iş salyşmak jogapkärli wezipe. Şeýle wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmek üçinem zähmet düzgün-nyzamyny, tehniki howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmeli. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan işgärleriň iş şertlerini gowulandyrmakda degerli işler alnyp barylýar. Soňky ýatlan kadalarymyzyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi üns merkezinde saklanylýar. Şeýle hem ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklarda, şanly senelerde toý saçagyny giňden ýazyp, olary dabaraly belläp geçýäris. Önümçiligiň öňdebaryjylaryny höweslendirýäris. Işgärlerimiz hakyndaky şeýle aladalarymyz işiň ilerlemegine itergi berýär.

 

Myrat AKMÄMMEDOW. “Marygazüpjünçilik” müdirliginiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.