Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ULY ÜNS BERILÝÄR

Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna gönükdirilen wezipelerden ugur alnyp, bu möhüm meseläniň oňyn çözgüdinde gowy netijeler gazanyldy we gazanylýar. Munuň özi jemgyýetimizde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýan döwrüniň talabydyr. Şonuň üçinem sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyna her birimiziň goşandymyz bolmalydyr. TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärlerem şu talaba eýerýärler. Arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi, ýokanç keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuşy ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek ýaly meselelere uly üns berýärler. Şu maksat bilen birleşmämiziň işgärleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edip, şu günüň derwaýys meselelerini halk köpçüligine düşündirmekde degerli işleri geçirýärler. Şeýle işleriň maksadam arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegini gazanyp, ýokanç keselleriň öňüni almakdan ybaratdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa agzybirligiň, abadan durmuşyň ýoludyr.

 

Nurýagdy BABAÝEW. TKA-nyň Serhetabat etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.