Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BALDAN SÜÝJI BALAM

Çaga diýen dört harpdan ybarat sada söz de uly güýç jemlenýär. Ynsan şol güýjüň üsti bilen durmuşyň kynçylyklaryny ýeňip, bagtyň çür depesine çykmagy başarýar. Seni «ene» diýen belent ada eýe edýän perzendiň dünýä inmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp, onuň ilkinji jägildi sesini eşitmek, gör, nähili ýakymly!

Göbegene gundagyňa dolap, seni gujagyma berende, çalaja açylan gara gözleriňe seredip, ysyňdan doýup bilmän oturşym, şu günki ýaly ýadymda. Sen bolsa şol wagt dünýäniň ähli aladasyndan, şatlygyndan bihabar rahat uklap ýatyrdyň. Adam çyn ýürekden begense, ýaşy uzalarmyş diýýärler. Ilkinji ädimle riň, «ene» diýip ilki dil açan sözüň bilen meni müň ýaşatdyň, balam! Sallançagyň bagyny elime alyp seni hüwdülänimde, gözleriňi süzüp, uka gidişiň meni monça ederdi. Körpäm, seniň bilen atýan her bir daňym bagtdan paýly owadan günlerdir. Ilkinji gezek çagalar bagy na baranyňda, menden aýry galanyňy ýokuş görüp, elleriňi serip aglap galypdyň. Men hem ýolboýy sojap-sojap aglap yzyma gaýdypdym. Öýde-içde karar tapman, seni wagtyndan öň bagryma basyp alyp gaýdanym ýadymda. Bu gün bolsa sen, säher bilen el-ýüzleriňi ýuwup, arassa eşikleriňi geýip, menden öň çagalar bagyna taýýar bolup durýarsyň, işden ýadap öýe gelenimde, güler ýüz bilen gujagyma dolup, ähli ýadawlygymy aýyrýarsyň...

Sen biziň maşgala daragtymyzyň miwesiniň. Sensiz bu dünýä, durmuş nähili tukat. Seniň dünýä inmegiň bilen başlanýan ol hysyrdyly günleriň özüne ýetik üýtgeşik bir ezizligi bar. Ol ezizlik maňa durmuşda öňe gitmegi, tutanýerli zähmet çekmegi öwretdi. Çünki her bir ata-ene perzendiniň dokuzynyň düzüw bolmagy üçin onuň dünýä inen gününden başlap alada edip başlaýar. Kakaň bilen her gün uludan arzuw edýäris. Hä diýmän biziňem perzendimiz çagalar bagyny tamamlap, ak mekdebe gadam basar. Gowy bahalar alyp, ýokary okuw mekdebine girip, öz saýlan hünärini ele alsa, soňra-da döwletli bir işiň başyny tutup, ile-güne gerekli adam bolsa, «Pylanynyň çagasy tüweleme, edep terbiýeli daşyndan seredip guwanybermeli...» diýdirse. Garaz, ähli arzuwlarymyzyň başy sensiň, körpäm. Çünki biz bu arzuwlaryň wysal bolýan ýurdunda ýaşaýarys. Goý, her bir öýde çagajyklaryň şadyýan gülküsi ýaňlansyn! Bagtyýar zamanamyzda her bir ata-ene öz perzendiniň bagtyna guwanyp ýaşasyn!

 

Gunça ÝOLDAŞOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.