Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HIL WE ÖNDÜRIJILIK ÝOKARLANÝAR

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde işlemäge çalt uýgunlaşan Türkmenabadyň tikin fabriginiň işgärleri her ýyly üstünlikli jemleýärler. Geçen ýylda kärhananyň önüm öndürmek boýunça ýyllyk meýilnamasy 147 göterim berjaý edildi. Bu netije ozalky ýyllara garanyňda, has ýokarydyr.

2015-nji ýylda fabrigiň durkunyň täzelenmegi netijesinde önümleriň hiliniň ýokarlanmagy içerki bazarda hyrydarlaryň köpelmegine mümkinçilik berdi. Kärhananyň önümçilik sehleriniň ýerleşýän jaýlarynda tikinçileriň öndürijilikli işlemekleri üçin amatly şertler bar. Fabrikde ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň dünýä meşhur kompaniýalarynyň önümleri bolan tikin maşynlary ulanylýar.

Fabrigiň tikinçileri «Türkmenistan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­ny hem zähmet üstünliklerine beslemek üçin çalyşýarlar. Olar şu ýylyň alty aýynyň tab­şy­ryk­la­ry­ny 127 gö­te­rim ber­jaý et­diler. Önüm­le­riň — dür­li ýaş­da­ky ra­ýat­lar we çagalar üçin niýetlenilen ýokary hilli egin-eşikleriň hyrydary barha artýar. Şonuň netijesinde aýlyk meýilnamalar 1,5 — 2 es­se artyk ber­jaý edil­ýär.

— Üs­tün­lik öz-özün­den gel­me­ýär. Ol adam hakda alada bilen hem bagly. Sehlerimiz arassa saklanylýar, ýylyň ähli paslynda olarda howanyň kadaly derejesi üpjün edilýär. Tikinçiler üçin ýörite naharhana bar. Işgärler barada aladanyň bar ýerinde önümçilik görkezijilerimiz bar­ha ýo­kar­lan­ýar — di­ýip, fab­ri­giň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Kümüş Rejebowa gürrüň berýär. —

Fab­rigiň iş­gär­leri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda zähmet adamlary üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanyp, «Türkmenistan — Bita­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da öň­de goýlan meýilnamany artygy bilen berjaý etmek üçin yhlasly işleýärler.

 

Şakir TURAÝEW, öz habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.