Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MÖHÜM WEZIPE

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ylmyň we tehnikanyň gazanan öňdebaryjy innowasiýalaryny ornaşdyrmak arkaly düýpli ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Tebigata aýawly çemeleşmek, daşky gurşawy gorap saklamak, sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, haýwanlaryň we ösümlikleriň köpdürlüligini gorap saklamak, topragy çölleşmekden hem-de şorlaşmakdan gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwürde dünýäde howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi möhüm ekologiýa meseleleriniň biridir. Muňa mysal edip, Aral meselesini we onuň şol sebitde ýerleşýän ilatly ýerlere ýetirýän zyýanly täsirini bellemek bolar. Bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan onuň zyýanly täsirini gowşatmak maksady bilen, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy döredildi. Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, bu gazna baştutanlyk edip, sebitiň ýurtlarynyň Aralyň ýakasynda ýerleşen ýurtlara ýaramaz täsiriniň öňüni almak babatda işlere saldamly goşant goşdy. Mähriban Arkadagymyzyň Aral bilen bagly ýüze çykan meseläniň şu günki gün diňe bir sebit ähmiýetli mesele bolman, eýsem global meselä öwrülendigi barada dürli ýyllarda ekologiýa meselelerine bagyşlanyp geçirilen halkara we sebit ähmiýetli maslahatlarda aýdyp geçmek bilen, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň bu mesele babatda hyzmatdaşlyk etmegi hakynda iki gezek möhüm resminamanyň kabul edilmeginiň başynda durandygy örän buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Ýurdumyzda ekologiýa babatda durmuşa geçirilýän iri taslamalara mysal edip 2009-njy ýylda birinji tapgyry açylyp ula­nyl­ma­ga ber­len «Al­tyn asyr» Türk­men kölüni görkezmek bolar. Bu möhüm ähmiýetli taslamanyň esasy maksady ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky suwarymly ýerlerden emele gelen zeý suwlaryny toplamakdan we olary ýörite akabalar arkaly Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Garaşor diýen örän uly tebigy çöketlige ýygnamakdan ybaratdyr. Ýur­du­my­zyň alym­la­ry «Al­tyn asyr» Türkmen kölüniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly ylmy-barlaglary alyp barýarlar.

«Al­tyn Asyr» Türk­men kö­lü­niň se­bi­ti­ni 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da öz­leş­dir­me­giň Konsepsiýasy we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilna­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. On­da «Al­tyn asyr» Türkmen kölüniň suwuny netijeli peýdalanmak, Garagum sährasyny özleşdirmek, onda tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlaryny giňeltmek boýunça anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutulandyr. Sebitde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik köpdürlüliginiň artmagyna, ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna, kölüň suwunyň arassalanmagyna hemde netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen ylmy-barlaglar önümçilik bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir ýa­şaý­jy­syn­da Wa­ta­na, ene top­raga bolan söýgini, buýsanjy ösdürmekde örän köp pendi-nesihatlaryny özüniň ýiti zehininden çykan eserlerindäki dürdäne setirleriniň üsti bilen halkymyza ýetirýär. Mähriban Arkadagymyz: «Tebigaty söýmek, ene top­ra­gy söý­mek — bu eziz Di­ýa­ry­ňy, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­ňy söý­mek­dir! Wa­ta­na bo­lan söý­gi bi­ziň äh­li üs­tün­likle­ri­mi­ziň we ýe­ňiş­le­ri­mi­ziň göz­ba­şy­dyr», şeýle-de: «Tebigata aýawly çemeleşmek geljekki nesilleriň abadançylygy hakyndaky ala­da­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Eko­lo­gi­ýa aba­dançylygyny üpjün etmäge we daşky gurşawy gorap saklamaga gönükdirilen ýurdumyzyň Tokaý maksatnamasyna laýyklykda, mähriban Arkadagymyzyň hut özüniň göreldesi bilen, her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek maksady bilen, millionlarça dürli görnüşdäki agaç nahallary ekilýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, işleri rowaç bolsun!

 

Berdimyrat ROZYÝEW, Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.