Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ ÝOLY BILEN

15-nji iýulda dynç alyşda bolan milli Liderimiz ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy. Häzirki döwürde kölde balyklaryň 25-e golaý görnüşi bar. Şolaryň bu howdanda bolmagy amatly ekologiýa ýagdaýyndan, onuň ekoulgamynyň durnuklylygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň abadançylygynyň, daşky gurşawyň ýokary ekologiýa derejesine eýediginiň nyşany bolan ajaýyp kölden tutan balyklaryny paýtagtymyzdaky «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere sowgat hökmünde iberdi.

Şol gün Aşgabatda ýurdumyzyň hökümetiniň çakylygy boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirildi. Wekiliýetiň agzalary ýurdumyzda COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdylar. Saparyň çäklerinde BSGG-niň wekilleri 6-njy iýuldan başlap, Lebap we Balkan welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň dürli lukmançylyk edaralarynda, barlaghanalarynda, şeýle hem Özbegistan we Owganystan bilen serhetleşýän çäklerde, Türkmenistanyň deňiz derwezesi hasaplanylýan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda boldular. Olar arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, barlaghana-anyklaýyş, hassalaryň kliniki barlagy, öňüni alyş we gözegçilik çäreleri bilen tanyşdylar.

Ýurdumyza saparynyň netijeleri boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri maslahatlaryň we teklipleriň ençemesini taýýarladylar. Şol maslahatlary ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny we beýleki döwlet edaralaryny mundan beýläk-de ösdürmek işinde ulanmak göz öňünde tutular. Bu işiň esasy maksady ýokanjyň aralaşmazlygy üçin ulanylýan öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

18-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşanlar döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar.

21-nji iýulda zähmet rugsadynda bolan Arkadag Prezidentimiz irden Pälwan atly alabaý bilen Köpetdagyň eteginde gezelenç etdi. Döwlet Baştutanymyz özüniň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaýyň biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilen milli buýsanjymyzdygyny nygtaýar.

Şol gün «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň döredilen gününe 25 ýyl doldy. Bu maksatnama türkmenistanlylaryň saglygyny goramak ulgamynyň düýbünden täze milli nusgasynyň döredilmeginiň başyny başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän bu maksatnama lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmaga, olaryň elýeterliligini üpjün etmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge gönükdirilendir.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilip başlanyndan bäri geçen 25 ýylyň dowamynda ýurdumyzda saglygy goraýyş edaralarynyň 92-si — halkara derejeli döwrebap klinikalar, hassahanalar, lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri we beýlekiler guruldy. Şol ýyllaryň dowamynda milli saglygy goraýyş senagaty döredildi, döwlet lukmançylyk ätiýaçlandyrylyşy girizildi, ilata maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça hyzmat etmek tapgyrlaýyn amala aşyryldy, şypahana-dynç alyş ulgamynyň işi düýpli özgerdildi.

22-nji iýulda Bütindünýä söwda guramasynyň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýerleşýän ştabkwartirasynda BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. BSG-niň Baş geňeşine gatnaşyjy döwletleriň wekilleriniň teklibi ara alyp maslahatlaşmalaryndan soň, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna synçynyň derejesini bermek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Häzirki wagtda dünýäniň 164 ýurdy BSG-niň agzasy bolup durýar. Döwletleriň birnäçesi synçy derejesine eýedir. Türkmenistan synçy derejesine eýe bolan 25-nji döwletdir.

29-njy iýulda zähmet rugsadynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Milli Liderimiz atçylyk toplumyna baryp, athanada Garlawaç atly mele bedewiň ýanyna geldi we oňa kelleki dakdy. Döwlet Baştutanymyz onuň beden gurluşyny synlap, milli seýisçilik däplerine laýyklykda biraz salym oňa ideg etdi, soňra bedewi athanadan çykaryp, onuň bilen birsellem gezelenç etdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi. Halkyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden milli Liderimiz watandaşlarymyza, aýratyn hem ýaşlara sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesine eýermekde şahsy görelde görkezýär.

31-nji iýulda Gurban baýramynyň ilkinji güni bellenildi. Bu baýramçylyk gadymy döwürlerden bäri mähriban halkymyz, tutuş musulman ymmaty üçin ynsanperwerligiň, asylly işleriň we haýyr-sahawatlylygyň nyşany bolup durýar.

Umuman, geçen aýyň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

 

Jumanazar GARAJAÝEW, «Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.