Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DURDY GYLYÇ — OZAN ŞAHYR

Ozan sözüne düşündirişli sözlüklerde “Sözüni, sazyny özi düzüp, özi ýerine ýetirýän aýdymçy, bagşy” diýen düşündiriş berilýär. Bu sözi ХХ asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen görnükli türkmen şahyry Durdy Gylyç hakynda, sözüň doly manysynda, ulanmak bolar.

Türkmenistanyň halk şahyry diýen ada döwletimizde ilkinji mynasyp bolan Durdy Gylyç ozan şahyr, bagşy hökmünde öz döwründe halkyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Onuň baran ýeri şowhun-dabara beslenipdir.

Türkmen edebiýatynyň taryhynda görnükli orun tutan özüniň köpçülige düşnükli, özüneçekiji, mylaýym ýumora ýugrulan eserleri bilen halkyň ýüregine ornan şahyr Watana hem halka wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Onuň geçen durmuş ýoluny yzarlasaň-da, edebi mirasyna ser salanyňda-da, hakyky watançynyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Halklaryň dostlugyna bolan guwanç duýgusy, Watana bolan söýgi onuň bütin döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryň watançylyk häsiýetli goşgulary şu günki günde hem belent ýaňlanýar.

Halk şahyry 1886-njy ýylda häzirki Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda Gylyç pälwanyň maşgalasynda dogulýar. Ýaňy dil açyp-açmanka, mama keseline ýolugyp, gözleri batyl galýar. Onuň guýmagursak zehini kem-kemden taplanyp, şahyr hökmünde uly il tarapyndan ykrar edilmeginde halkymyzyň gadymyýetden arkama-arka dowam edip gelýän söz hem-de saz sungaty, şonuň ýaly-da onuň hemişe ýaşuly adamlaryň gürrüňlerini, ertekilerini, aýtgylaryny diňlemegi aýgytlaýjy rol oýnaýar.

Ýigit çykan Durdynyň ýatkeşlikde diňe Bedirkentde däl, bütin etrapda hem taýy bolmandyr. «Görogly» eposynyň bir şahasyny oňa şu gün okap ýa-da aýdyp berseň, ol şony islendik wagty nokadyny hem üýtgetmän aýdyp berer eken. Takmynan, 25 ýaşa ýetende Durdynyň gözüniň biri çala açylyp, ýörejek ýoluny saýgarýar. Durdy oglanlykdan saz bilen gyzygypdyr, ýakymly sesi hem bar eken. Şu alamat hem onuň geljekki ykbalynyň çözülmegine ýardam edipdir.

ХХ asyryň başlarynda özüniň jadylaýjy senedi bilen bütin türkmeni aýdym-sazy, dessanlary bilen bendi eden Pälwan bagşynyň şägirdi Gubadagly Gajar bagşy Bedirkende toýa gelende gara öýüň kölegesinde ýeke özi dutar çalyp oturan ýigidiň üstünden barypdyr. Durdy şol wagtlar ýaňy sakgal-murty taban ýigit eken. Gajar bagşy atynyň başyny çekipdir-de: «Hany, ýagşy ýigit, şol heňiňi ýene bir gezek gaýtala» diýipdir. Durdy ýolagçynyň ýönekeý bir adam däldigini äheňinden aňyp: — Size kim diýerler? — diýip sorapdyr.

— Meniň kimdigim bilen işiň bolmasyn, çal diýildimi, çalyber, men bütin Horezmi aýlanyp, seniň ýaly bir juwan sazanda gözläp ýörün — diýipdir.

Durdy aga öýüň gamşyna arkasyny berip, ykjamlanyp oturypdyr-da, sazanda atasyndan kakasyna, kakasyndanam özüne ýadygär galan köneje dutara dil bitirip, saýradyp başlapdyr. Gajar bagşy sazyň täsirine ýeňillik bilen atdan syrylyp düşüp:

— Berekella! Özüňä ýeser ekeniň, kimiň dogmasy bolarsyň? — diýipdir.

— Gylyç pälwanyň.

— Isfendiýar hanyň pälwanyny egninden agdaryp ýere uran Gylyç pälwanyň dogmasy diýsene.

Gajar bagşy Gylyç pälwanyň aradan çykanyndan habarly ekeni. Şonuň üçin ol: «Ýatan ýeri ýagty bolsun bendäniň, gowy adamdy. Gylyç pälwanyň ogly bolsaň, ýüzüňi sallap oturma-da, ýör — diýip, Durdyny alyp, göni Gubadaga baka gidiberipdir.

Durdy Gylyç Gajar bagşynyň ýanynda saz çalyp gezmek bilen, aňyrsy birki ýylyň dowamynda onuň toýlarda, meýlislerde aýdýan «Görogly» şadessanyny, «Şasenem-Garyby», «Nejeboglany» we başga-da birnäçe dessanlary öwrenipdir. Belli dessança mynasyp şägirt bolup, toýlarda «berekella» alypdyr.

Gajar bagşynyň täsin «edep mekdebini» geçip, il derdine ýarap başlamagy Durdy Gylyjyň ruhy älemine ganat bekleýär. Ol dessanlaryň, aýratynda türkmen halk döredijiliginiň seresi «Göroglynyň» täsiri bilen özbaşdak döredijilik ýoluna gadam basyp ugraýar. Ol ýaşlygynda örän zehinliligi, ýatkeşligi, dilewarlygy, alçak häsiýetleri bilen halkyň içinde özüni aldyrypdyr. Döwrüň kynçylyklaryna, çylşyrymlylygyna garamazdan, ilatly ýerlere, gum içindäki obalara, şäherlere aýlanyp, hemişe halk bilen gatnaşykda bolupdyr. Ýeri gelende aýtsak, Durdy Gylyç diňe bir şahyr bolman, bagşy, ertekiçi, edebi mirasymyzy ýaýradyjy hökmünde-de tanalypdyr. Öz goşgulary, şorta sözleri, aýdymlary, dessanlary bilen il-günüň göwnüni awlapdyr. Ilat arasynda bolanda beýleki şahyrlaryň hem goşgularyny halk dessanlarynyň käbirlerini üýtgeşik labyz bilen aýdyp beripdir. Durdy Gylyjyň obalara gelip çykyş etmegi il-gün üçin ýatdan çykmajak waka bolupdyr.

Şahyryň döredijiligi barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly baýragynyň eýesi Beki Seýtäkowyň ýatlamalaryndaky setirlere ýüzleneliň:

«Ol ýyllarda Tagtanyň obalary bir-birinden uzakda oturýardy. Ol obalaryň aralarynda aňyrsyna göz ýetmeýän şorluk meýdanlar bolardy. Ine, şol şorluk meýdanlarda ak eşekli, gyrmyzy donly, gara telpekli Durdy Gylyjy mydama görmek bolýardy. Ol eşegini ýuwaş sürüp, başyny aşak salyp, pikirlenip gezerdi. Ine, şol ýollarda onuň ölmez-ýitmez goşgulary döreýärdi. Ol «At çalt ýöreýär» diýip, at münmezdi. Mydama eşekli gezerdi. Häzir hem Tagta illerine baranymyzda bir ýerden Durdy Gylyç çykaýjak ýaly bolup dur».

Şu makalany taýýarlap ýörkäm, etrabyň şahyryň adyny göterýän daýhan birleşiginiň «Gara gulak» obasynda ýaşap geçen, birnäçe ýyllaryň dowamynda şahyryň kätibi bolup işlän Atak Kakabaýewiň maşgala arhiwini yzarladym. Şonda şu ýazgylaryň üstünden bardym.

«Men şahyr bilen 1948-nji ýyldan başlap, üç ýyl töweregi ýoldaş boldum. Şonda oňa çäksiz hormat goýulýandygyna göz ýetirdim. Biz hemişe üç kişi bolup eşekli gezerdik. Nirä barsa-da, şahyry gadyrly garşylardylar. Onuň ýanyna hälişindi: «Şahyr biziň ogul toýumyz bar, şony sowup beriň», «Şahyr pylan güni men oglumy öýlendirýän, şonuň bagşysy sen bolmaly», «Şahyr biziň oba-da baryp, gulaklarymyzyň posuny açyp gaýtsana» diýip gelerdiler. Ol bolsa ýekeje gezegem «Ýok» diýýän adam däldi. Onsoň biz çagyrylan ýere üç eşekli bolup giderdik. Ynha, ýol bilen gidip barýansyň welin, birden şahyr hiňlenip başlaýar. Birdenkäde eşekden düşüp: «Atak, hany ýaz bakaly» diýýär. Onsoň menem eşekden düşüp, onuň aýdanlaryny ýazyp alardym. Şahyr juda ilhalar adamdy. Onuň mylaýym, şirin owazy bardy».

Hawa, şahyr öz döwrüniň ogludy. Ol öz gözýetiminiň belentliginden durmuşy wasp etdi. Onuň manyly ömri bu sözleriň hakykatdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bütinleý sowatsyzlygyna, üstesine-de gözleriniň görmän galandygyna garamazdan, onuň aň-düşünjesiniň aýdyň hem dury, gözýetiminiň giň bolandygyna bütin döredijiligi kepil geçýär.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda şahyryň poeziýasynyň halky duşmana garşy galkyndyrmakda, watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti ägirt uly bolupdyr. Ol şol ýyllarda watançylyk taglymatlaryna ýugrulan birnäçe goşgulary döretdi. Muňa şahyryň «Gerekdir», «Gitmäge», «Ýörüň», «Iberiň urşa», «Gitjek men», «Bökdemäň meni», «Tapylar» ýaly goşgulary mysal bolup biler. Ol goşgularda halkyň watançylyk pikir-duýgulary iňňän täsirli görkezilýär.

Şu ýerde şahyryň «Bökdemäň meni» diýen goşgusynyň döreýiş taryhy barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hangeldi Garabaýewiň «Kommunizm ýoly» gazetiniň 1986njy ýylyň 19-njy dekabrynda çykan sanynda «Şygyrlary şygara öwrülen şahyr» atly makalasyna ýüzleneliň. «Uruş ýyllary Tagta raýispolkomynda işleýärkäm, bir sapar ol iş güni gutaryp barýan gabatlary ýanyma geldi. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, men onuň habaryny alanymda ol:

— Inim, buýan köki halys irizdi — diýdi.

Onuň diýjek bolýan zadyna düşünip, kyn-da bolsa, ýarym kilo çaý kömegini etmeli boldum. Gyş aýlarynyň gysga güni tiz garaňky düşýäni üçin, ony yzyna gaýtarmaga dözmedim. Myhman alyp, bolşuna görä hezzet-sylag etdim. Ýöne daňdan kimdir biriniň pyşyrdysy meni ukudan oýardy. Diňşirgensem, şahyryň sesi:

— Bol tizräk ýaz, «Gözi ýok garry diýip bökdemäň meni». Ertesi güni şahyryň täze eseri raýon gazetinde çap edildi. Onuň şol goşgusy tiz wagtyň içinde halkymyzy beýik ýeňşe çagyrýan şygar boldy».

Beýik Watançylyk urşunyň başlanan gabatlary belli ýazyjymyz Gurbandurdy Gurbansähedowa welaýat gazeti bolan «Bolşewik» gazetiniň redaksiýasynyň tabşyrygy boýunça (ýazyjy şol döwürler gazetiň habarçysy bolup işleýän eken) şahyr bilen duşuşyp, onuň «Bökdemäň meni» diýen goşgusyny dilinden ýazyp alyp, gyssagly gazetde çap etdirmek tabşyrylýar. Ýazyja aýagulag üçin berlen oblispolkomyň atarabasy bilen tas bir hepdäniň dowamynda şahyry «yzarlap» dekabr aýynyň aňzak sowugynda ähli etraplary diýen ýaly aýlanýar. Haýsy etraba barsa, «ýaňy ugratdyk», «Irden Watan goragyna gidýän meýletinçiler bilen duşuşyp, başga etraba gitdi» diýen jogaby alýar. Şondan soňra olar şahyry «yzarlamagy» bes edip, «çakymyz çak bolsa, beýleki etraplara çagyrylan şahyr Köneürgenjede çagyrylar» diýen niýet bilen ara az salym wagt salyp, arabany göni Köneürgenje sürýärler. Olar şäheriň ortasynda aýmançany dolduryp oturan märekäni görüp arabany saklasalar, şahyr şol wagt fronta gitjek meýletinçileriň öňünde goşgy okap duran eken. Şondan birnäçe wagtdan soň Köneürgenjiň meşhur çaýhanasynda şahyr bilen duşuşyp, goşgyny onuň öz dilinden ýazyp alyp, aragatnaşyk bölümine baryp, redaksiýa iberýär. «Şonlukda ol goşgy şol günüň ertesi «Bolşewik» gazetine çap edildi» diýip, ýazyjy oçerkde belleýär. Ýazyjy G.Gurbansähedowyň oçerkine göz gezdirip, şahyr Halyl Kulyýewiň:

— Eşek­li­je Dur­dy Gy­ly­jyň yzyn­dan, Köp­ler «Wol­ga» mü­nüp ýe­tip bi­le­nok — diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär.

Hawa, halk şahyry halka, Watana hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Köp adamlaryň ýetip bilmejek belentliklerine ýetdi. Ol özboluşly poeziýasy bilen okyjylaryň aňynda uzak ýyllaryň dowamynda ýaşar. Çünki öz halkyna yhlas bilen hyzmat eden adam halkyň ýüreginde baky orun alýar. Görnükli halk şahyry, ozan şahyr Durdy Gylyjyň ömri halka, Watana hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasydyr.

 

Otuzmät KAKYŞOW, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Görogly etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.