Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞANLY TOÝA ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERI BILEN

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp şöhratlandyrmak, bagtyýar raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2020-nji ýyl «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň iň bir şanly seneleriniň biri hökmünde taryha ýazyljak bu şanly toýumyza ýurdumyzyň her bir ulgamy, edara-kärhanalary, her bir raýat mynasyp sowgatly barmaga taýýarlyk görýär. Bu ajaýyp sowgat ýurdumyzyň her bir raýatynyň şahsy zähmet edermenligi bilen, her bir edara-kärhananyň, her bir pudagyň agzybirlikde we jebislikde döwlet tarapyndan öňde goýlan iş meýilnamasyny, gaýry möhüm wezipeleri abraý bilen berjaý edip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň mundan beýläk hem gowulanmagy, döwletimiziň dünýä ýüzünde şan-şöhratynyň has-da belentlere göterilmegi üçin mynasyp goşant goşmagydyr.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki ýola ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýyň dünýäniň bu abraýly halkara guramasynyň, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça yglan eden «Halkara Bitaraplyk güni» bilen hem utgaşyp gelýär. Mälim bolşy ýaly, bu şanly toýa dünýäniň ähli künjeklerinden hormatly myhmanlaryň gelmegine garaşylýar. Ozal hem Türkmenistanda birnäçe gezek bolup gören, şeýle hem ilkinji gezek gelip görýän myhmanlar hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan sebitde we dünýäde ynamly ylalaşdyryjy merkez hökmünde iş alyp barýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şu günki ösüşlerine gözli şaýat bolarlar. Bu ösüşler paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gyradeň derejede alnyp barylýan, halkymyzyň eşretli ýaşaýyş-durmuşyny nazarlaýan ajaýyp ak mermer binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik we medeni desgalaryň ajaýyp toplumyndan başlap, ilatyň ýaşaýşynyň her bir ädiminde göz öňünde tutulan oňaýlyklardyr, eşretlerdir.

Şeýle uly ösüşlere beslenýän Diýarymyzda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrýar. Mähriban Arkadagymyz il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli her bir işinde hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgelerine berk eýermek bilen, umumadamzat ähmiýetli bähbitleri elmydama baş orunda goýýar.

Hemişelik Bitaraplyk biziň dostlugy, hoşniýetliligi, ynsanperwerligi we ösüşi dabaralandyrýan beýik taglymatymyzdyr. Şol taglymaty ajaýyp zamanada döwrümiziň gülläp ösmegine, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna, döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmekde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesi hem netijeli işleri durmuşa geçýär. Birleşmäniň Geňeşleri, ilkinji guramalary we işjeň agzalary şu günlerde gündelik iş meýilnamasynda bellenen wezipe borçlaryny mynasyp amal etmek bilen birlikde edara-kärhanalarda, önümçilik ýerlerinde şu günki talaplar esasynda zähmet düzgün-tertibiniň, kadalarynyň ýerine ýetirilişi, zähmetkeşleriň zähmet hukuklarynyň goraglylygy, iş orunlarynda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň ýerine ýetirilişi, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň jan saglygynyň lukmançylyk maslahatlarynyň talaplaryna görä goralyşynyň ýagdaýyna gözegçiligi alyp barýarlar. Şeýle-de te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň, ga­zet-žur­nal­laryň üsti bilen wagyz-nesihat işlerini ýaýbaňlandyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplygymyz bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Biz hem ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, abadançylygyň berkarar bolmagyna gönükdirilen parasatly syýasatlaryny goldaýarys we olary halkymyzyň arasynda wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda ähli güýç-gaýratymyzy sarp edip, mundan beýläk-de yhlasly işläris.

Goý, ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Akmuhammet KURBANOW. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.