Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DURNUKLY ÖSÜŞ ÜPJÜN EDILÝÄR

Golaýda milli Liderimiz Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolanda döwrebap ýyladyşhana toplumynyň ýanynda «Altyn tug» hususy kärhanasynyň işi bilen tanyşdy. Bu ýyladyşhana toplumy 2019-njy ýylda ulanylmaga berildi. Şol ýerde gök önümleriň dürli görnüşleri, şol sanda pomidoryň «Gök ýaýla» atly gör­nü­şi, bol­gar bur­çu­nyň «Bi­ta­rap — 20» gy­zyl görnüşi we «Nabat» atly sary görnüşi hem-de «Datly» atly ýertudanasy ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhananyň 10 gektar ýerinde pomidor, onuň aýry-aýry böleklerinde bolgar burçy hem-de ýertudana ösdürilip ýetişdirilýär. Oba ilatynyň abadan durmuşy, netijeli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärhananyň alyp barýan işleri, ýyladyşhananyň ýagdaýy, ýaşaýyş we iş şertleri, işgärlere döredilýän mümkinçilikler, ýetişdirilen hasylyň möçberi bilen içgin gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň telekeçileriniň ähli ugurlarda işjeňlik görkezýändiklerini kanagatlanmak bilen belläp, olaryň öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýratyn belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynda iş saparynda bolanda Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ekerançylyk ýerleriniň we önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýerleri bilen tanyşdy. Bu daý­han ho­ja­ly­gy Aş­ga­bat — Türk­men­ba­şy aw­to­mo­bil ýolunyň golaýynda ýerleşýär. 2013-nji ýylda döredilen daýhan hojalygynyň Bereket etrabyndaky ekin meýdanynyň umumy möçberi 393 gektar bolup, onuň 343,7 gektaryna ot-iýmlik ekinleri ekilýär, önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýeriniň meýdany 50 gektara golaý.

Daýhan hojalygynyň önümçilik toplumynda ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna barabar towuk etini öndürýän bölüm bolup, häzirki döwürde bu ýerde 5 müň tonna guş eti öndürilýär we 12 million jüýje çykarýan inkubatorly guşçulyk toplumy, ýylda 16 million ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy hereket edýär.

Şeýle hem, bu ýerde guşlar üçin ýylda 72 müň tonna ýokumly iýmleri öndürýän zawod, ýylda 100 tonna et öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumy hem-de ýylda 500 müň sany bägül ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana bar. «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek, ýokary öndürijilikli tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur şertleriň üpjün edilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda öndürilýän önümleriň ýokumlylyk we ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz ekinleri ösdürip ýetişdirmekde bolşy ýaly, önümleri gaýtadan işlemekde olaryň ýokary hil derejesine we ekologiýa ýagdaýyna üns berilmelidigine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz telekeçi düzümleriň halkara derejedäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekleri, olaryň ösen dünýä tejribesini özleşdirmekleri üçin zerur mümkinçilikleri üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. Munuň täzeçil usullary ornaşdyrmakda, önüm öndürmegiň, hususan-da, suwaryşyň kämil usullaryny giňden peýdalanmakda ähmiýetlidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen hasyly eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy hem-de kärhananyň ýolbaşçysyna şunuň bilen bagly döwlet tarapyndan daşary bazarlarda öz önümlerimizi ýerlemekleri üçin hususy telekeçilerimize elmydama goldawlaryň beriljekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz şu pudakda işleýänler üçin sitrus önümlerini ýetişdirmegiň ugurlaryny öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bananyň peýdasy barada belläp, şunuň bilen bir hatarda, ananasy hem ýetişdirmegiň peýdaly boljakdygyny belledi. Daşary ykdysady syýasat azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy usullarynyň biri bolmak bilen, onuň çäklerinde oba hojalyk önümleriniň, çig mallaryň we azyk önümleriniň eksportynyň we importynyň kämil gatnaşyklary üpjün edilýär. Ýurdumyzda iýmit önümleriniň howpsuzlyk görkezijilerini halkara talaplaryna laýyk getirmek üçin düýpli ylmy-barlag işleri hem alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň ykdysadyýetimizi ösdürmekde alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň esasynda, ýurdumyzda dünýäniň ösen tejribesini hem-de öňegidişliklerini nazara alyp, düýpli nazaryýet bilimlerine, öňdebaryjy ylymlara we ýokary tehnologiýalaryna esaslanan ykdysadyýeti doly kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!

 

Bahar NIÝAZOWA, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Içerki we daşarky bazarlarda haryt dolanyşygyny öwreniş müdirliginiň baş hünärmeni we ministrligiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.