Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HEMIŞELIK BITARAPLYK — BAGTLY GELJEGE ŞUGLA

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­tyýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz sy­ýa­sy taý­dan durnuk­ly döw­le­te öw­rül­di we hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de be­lent mer­te­bä my­na­syp bol­dy.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde tutuş dünýä dahylly başlangyçlary öňe sürýän we olary durmuşa geçirýän ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanylyp, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Bu bir tarapdan, ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerden we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alýan daşary syýasatymyzyň oňyn häsiýeti bilen düşündirilse, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzyň dostlukly gatnaşyklara esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Munuň özi, özara sazlaşy­gyň — bi­te­wü­li­giň da­şa­ry syýasatymyzda jemlenmegini üpjün edýär we umumy dünýä möçberinde şu ýörelgeleriň goldanylmagyna mümkinçilik berýär. Türkmenistan işjeň we oňyn häsiýetli daşary syýasaty özbaşdaklygyň ilkinji ýyllaryndan saýlap aldy. XX asyryň ahyrynda dünýäniň geosyýasy kartasynda uly üýtgeşmeleriň bo­lup ge­çen döw­rün­de — 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyny alan ýurdumyz şol taryhy döwürden başlap, özara deňhukukly gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgesi­ni öňe sür­di. 1992-nji ýy­lyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasyna öwrülen Türkmenistan gysga wagtyň dowamynda dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy. Şol sanda ýurdumyz iň iri we abraýly halkara guramalaryň agzalygyna saýlanmak bilen özüniň döredijilikli daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirdi. Bu babatda Türkmenistan ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek hem-de durnukly ösüşi gazanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmeklige strategik ugur hökmünde garady.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Milletler Guramasyna agzasy bolan 185 döw­le­tiň gol­da­ma­gyn­da Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. Şeýle ynama eýe bolan ýurdumyz Merkezi Aziýada syýasy durnuklylygy saklamak we parahatçylygy üpjün etmek ugrunda özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli dur­mu­şa ge­çir­di. Ne­ti­je­de, 2007-nji ýylyň dekabrynda sebitiň döwletleriniň goldamagynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Şeýle hem 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da ge­çirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69-njy mej­li­sin­de 193 döw­le­tiň gol­da­ma­gy bilen ikinji gezek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Öz gezeginde bularyň ählisi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geriminiň ýyl-ýyldan has-da giňeýändigini we ösdürilýändigini, ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygyny tassyklaýar.

Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgesini üstünlikli durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň halkara atabraýyny barha belende göterýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

Halmyrat BÄŞIMOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.