Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÇYPAR PANDA

Diňe bir Hytaýda däl, eýsem,  seýrek jandarlaryň biri bolan  çypar pandalar maşgalasyna degişli  süýdemdirijileriň biridir. Göwresiniň ululygy ortaça öý pişiginiň  ululygyndadyr. Agramy ortaça 3  kg-dan 7 kg-a, boýy bolsa 60-70  sm-e çenli bolýar. Bu pandalaryň  tüýüniň reňki çypar, goňur-garamtyl reňke eýedir. Bu pandalar  gündizine ýatyp, gijeki ýaşaýşy  alyp barýarlar. Bu pandalaryň  ýyrtyjylar otrýadyna degişlidigine  garamazdan, olaryň iýmitlenişiniň  90 göterimden hem köpüsi bambuk  agajynyň ýapraklaryndan we şahalaryndan ybaratdyr. Bu jandarlar  barada ilkinji maglumatlar Hytaýyň  XIII asyryna degişli ýazgylarda  görmek bolýar, emma ýewropaly lar bu jandarlar bilen XIX asyrda  tanyşdylar. Ylmy taýdan bu jandarlar 1821-nji ýylda iňlis generaly we  tebigaty öwrenijisi Tomas Hardwik   tarapyndan öwrenildi. Hytaýyň  Ylymlar akademiýasynyň alymlary  Britaniýanyň Senger institutynyň  alymlary bilen bilelikde geçiren  barlaglarynyň netijesinde bu jandarlaryň ata-babalarynyň 40 million  ýyl mundan ozal ýaşap geçendigini  we şol jandarlaryň penjeleriniň 6  barmagynyň bolandygyny, emma  çypar pandalaryň bedeninde beýle  aýratynlygyň ýoklugy anykladylar.

 

Döwlet ALLAMYRADOW, Ylym we bilim işgärleriniň  kärdeşler arkalaşygynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.