Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DEMIR ÝOL ULGAMYNDA GIŇ MÜMKINÇILIKLER OŇAÝLY PEÝDALANYLÝAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly  Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan  Watanymyz tanalmaz derejede ösýär. Döwlet durmuşynyň ähli  ugurlarynda amala aşyrylýan wajyp ösüşler ýurdumyzyň her  bir pudagynda öz beýanyny tapýar. Muny ýurdumyzyň daşarky  hem-de içerki ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolan, ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmaga uly goşant goşýan hem-de yzygiderli kämilleşdirilýän pudaklaryň biri bolan demir ýol ulaglary  pudagynyň mysalynda hem görmek bolýar. 

Bu günki gün milli Liderimiziň bildirýän uly ynamyny ödemek  üçin türkmen demirýolçulary pudaga innowasion tehnologiýalary  ornaşdyrmakda, täze «polat ýollaryň» gurluşygynda, ýeňil bolmadyk zähmet ýolunda uly öňegidişlikleri gazanyp, ýurdumyzyň  ösüşine goşant goşmaga çalyşýarlar. Pudakda gazanylýan şeýle  üstünlikleri “Demirýollary” açyk  görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň  23-nji şahamçasynda hem görmek  bolýar. Bu kärhana ozalky Türkmenabat habardar etmek we aragatnaşyk edarasynyň binýadynda  gurulmak bilen, Türkmenabat —  Gazojak, Zerger — Garabekewül,  Farap — Üçajy stansiýalarynyň  arasyndaky giň çäkde otlularyň  hereket howpsuzlygyny üpjün  edýär. Edaranyň agzybir işgärleri degişli stansiýalaryň arasynda  blokirleme, merkezleşdirme we  signallaşdyrma enjamlarynyň işleýşine gözegçilik etmek, şeýle hem demir ýol edaralarynyň  tehnologiýa enjamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek işlerini  alyp barýarlar.

Kärhanada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň demir ýol ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwrebap we  üznüksiz hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilýändigini  görmek bolýar. Watanymyzda daşalýan ýükleriň agramly bölegi  demir ýol ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Kärhana tarapyndan  hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda ulgamyň  işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady  bilen mynasyp üstünlikler gazanylýar, nazarlanylýan sepgitlere  ýetilýär. Bu barada kärhananyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji  guramasynyň başlygy Begmyrat Altybaýew bize beren gürrüňinde:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly  Prezidentimiziň tagallasy netijesinde döwletimiz dünýä derejesinde  uly ösüşlere eýe bolýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçyly gynda ýurdumyzda gurulýan we çar ýana uzaýan “polat ýollary”  halkymyzyň dostluk-doganlyk hormatyny, ynsanperwerligini dünýä  ýaýýar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, ýurdumyzda döwrebap  demir ýollarynyň emele gelmegi döwletimiziň bu ugurdaky ýene  bir möhüm ädimini alamatlandyrýar. Biziň kärhanamyzda hem  ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň netijeli we sazlaşykly işine  önjeýli goşant goşmak üçin uly zähmet üstünlikleri gazanylýar. 

Biziň şahamçamyz 23 stansiýanyň howpsuzlyk enjamlaryna  hyzmat edýär. Munuň üçin kärhanada 280-e golaý zähmetsöýer  işgär işleýär. Bu stansiýalaryň arasynda Farap, Türkmenabat 1,  Türkmenabat 2, Zergär, Gazojak stansiýalarynyň iş öndürijiliginiň  has ýokary bolmagy aýratyn bellärliklidir. 2017-nji ýylda ulanylmaga berlen Samandepe stansiýasynyň täze tehnologiýalaryň  iň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi netijesinde bu ýerde   işler innowasion tehnologiýa esasynda alnyp barylýar. Kärhanamyz tarapyndan otly we manýowr radio aragatnaşygynyň işi, rels zynjyrlarynyň abatlygy, degişli enjamlaryň iş mümkinçilikleriniň, işleýän enjamlaryň çyzgysynyň deň gelmeginiň, otlulary  alyp barmagyň, yşaratlaryň görlüş ukybynyň barlaglary yzygiderli geçirilip durulýar. Stansiýalarymyzda zähmet üpjünçiligini,  howpsuz iş şertlerini üpjün etmäge, şahamçanyň we kömekçi  hojalyklaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmaga, gulluk, iş şertlerini  gowulandyrmaga gönükdirilen işler yzygiderli alnyp barylýar,  zähmeti goramagyň hem-de tehniki howpsuzlygyň düzgünleri  doly talabalaýyk ýerine ýetirilýär. 

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ulaglar pudagynyň goşýan  goşandy hem aýratyn aýdylmaga mynasypdyr. Häzirki wagtda  raýatlarymyzyň gündelik durmuşyny ulaglar hyzmatlary bolmazdan  göz öňüne getirmek mümkin däl. Kärhanada halk hojalygyna  döwrebap we üznüksiz hyzmat etmek ugrundaky tagallalaryň   yzygiderli alnyp barylýandygyny hereket edýän täze tehnologiýalaryň, enjamlaryň mysalynda hem anyk görmek bolýar. Yzygiderli  gazanylýan şeýle zähmet üstünliklerinden ruhlanýan demir ýol  işgärlerimiziň döwrüň talabyna laýyklykda ýokary derejelerde  taýýarlykly hünärmenler hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap  Türkmenistanyň at-abraýyny has-da belende götermekleri, ösen  tilsimatlardan başarjaň peýdalanmaklary barada hem bimöçber  işler durmuşa geçirilýär. 

Ýurdumyzda giň gerim bilen täze demir ýolla rydyr üstaşyr  ulag geçelge leri gurlup ulanylmaga berilýär, ulgamyň tehniki  üpjünçiligi barha gowulandyrylýar. Gurulýan demir ýollar özleriniň ýokary derejeli hili bilen tapawutlanman, eýsem, özüniň  halklary birleşdirýän sebit ähmiýetli üstaşyr geçelge hökmünde  hem doly özüni tanadýar. Şeýle hem bar bolan otly düzümlerinde zerur bolan bejeriş-abatlaýyş işleri  yzygiderli alnyp barylýar. Kärhanamyzda birnäçe ýyllaryň dowamynda  öz käriniň ussady bolan onlarça tejribeli işgärlerimiz bar. Olardan uly  elektromehanikler Alijan Taşowy,  Hemra Hojjyýewi, elektromehanikler  Mamurjan Artykowy, Şawket Hüseýinowy we beýlekileri buýsanç bilen  aýdasym gelýär. Bu zähmetsöýer demirýolçular ýylyň-ýylyna uly zähmet  üstünliklerine mynasyp bolýarlar.  Bu zatlaryň sakasynda bolsa milli  Liderimiziň çäksiz aladalary durandyr. Şeýle ajaýyp zamanany peşgeş  beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.  Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç alsyn! diýip belledi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uly depginler bilen ösmeginde demir ýol ulaglary pudagynyň wajyp orny bardyr. Gurlan  we gurulýan, häzirki zaman çar tarapa uzaýan “polat ýollary”  hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl  syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.  Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty Berkarar  döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş durmuş derejesini  gowulandyrmaga gönükdirilendir. Öz halkynyň bolelin eşretli  durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz aladalary edýän Gahryman  Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

 

Jangeldi IŞANKULYÝEW, “Türkmeniň ýüpek ýoly”.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.