Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GIRIŞ SYNAGLARY DOWAM EDÝÄR

GÖK­DE­PE. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleri boýunça giriş synaglary üçin göz öňüne tutulan ýerlerde degişli taýýarlyklar görüldi. Şeýle bolansoň, şu günler giriş synaglary degişli tertipde guramaçylykly geçirilýär. Etrabymyzyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdep-internatynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty boýunça giriş synaglary tamamlandy. Bu synaglarda köpçülikleýin bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketlerine höwesi bolan, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän ruhubelent ýaşlaryň ýüzlerçesi talyp bolmak üçin bilim, zehin we bedenterbiýe-sport babatdaky ukyp-başarnygyny görkezdi.

Etrabymyzdaky Çagalar çeperçilik mekdebinde bolsa, degişlilikde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi boýunça giriş synaglary boldy. Olarda ýaşlara sungatyň degişli ugurlarynda zehinini açyp görkezmäge giň mümkinçilikdir şertler üpjün edildi.

 

Baýrammuhammet ÖWEZGELDIÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.