Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GÜLLEÝÄN MEKAN

Güneşli Diýarymyz bu gün gözümiziň alynda ösýär, özgerýär. Ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlardaky ösüşler Watanymyzyň ähli babatda täze belentliklere çykmagyna itergi berýär, ýurdumyzyň halkara derejesindäki şan-şöhratynyň barha artmagyna täsir edýär. Şoňa görä-de, ulus-ilimiziň kalby ata Watanymyzyň özgerýän keşbine, ajaýyp döwrümize bolan buýsançdan doly.

Ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan ak mermerli Aşgabat bu gün göreni haýrana goýýar. Baş şäherimiz bir-birinden owadan kaşaň ýaşaýyş jaýlaryny, köşkleri, ylym-bilim we medeni ojaklarynyň binalaryny, sport toplumlary, myhmanhanalary hem-de beýleki dürli maksatly desgalary, köp öwüşginli suw çüwdürimlerini, seýilgähleri we köpugurly köprileri öz gujagynda jemleýär. Bu zatlar merjen şäherimiziň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna giň amatlyklary açýar.

Baş şäherimizdäki ýaly kaşaň binalardyr desgalaryň ýurdumyzyň welaýat we etrap merkezlerinde hem gurulmagy ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrýar. Sanlyja ýylyň içinde düýpgöter täze görke beslenen Hazaryň türkmen kenary hem bu gün bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Bu gözel künjekde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy deňiz kenarynyň ajaýyplygy bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bir-birinden kaşaň myhmanhanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, häzirki zaman şypahana-syýahatçylyk ugurlaryna mahsus beýleki döwrebap desgalar bu ýere nuranalyk goşýar. “Ak ýelken”, “Tolkun” kottejler toplumlarynyň, “Älemgoşar”, “Deňiz merjeni”, “Jadyly kenar” ýaly attraksionlar seýilgähleriniň, «Awaza» söwda merkeziniň, “Awaza” sport toplumynyň, “Ýelken” we “Tolkun” ýaht-klublarynyň özi hem tarypa mynasypdyr.

Häzirki wagtda Köpetdagyň eteginiň iň gözel künjekleriniň birinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylmagy aýratyn buýsandyrýan ýagdaýlaryň biridir. Welaýatyň taryhynda bu iri we ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, bu gözel künjekde göreni haýrana goýjak häzirki zaman döwrebap şäher dörär. Onda ildeşlerimiziň on müňlerçesiniň ýokary amatly şertlerde ýaşamagy, şeýle-de zähmet çekmegi ugrunda mümkinçilik açylar. Munuň özi juda begendirijidir we buýsandyryjydyr. Taryha ýaň salýan şeýle döwletli işleri durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimize bimöçber alkyş aýdýarys.

 

Baýramsoltan MYRADOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.