Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TELEKEÇILIK IŞI

Kärhananyň hereket etmeginiň mehanizmi

 

Gurbanmämmet REJEPOW, Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

Nurýagdy AÝNAZAROW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe kafedrasynyň uly mugallymy.

 

Ba­zar şert­le­rin­de hususy kär­ha­nanyň dur­muş yk­dy­sa­dy we­zi­pe­si düýp­gö­ter üýt­ge­ýär. Bu üýt­geş­meler bir­nä­çe ugur­lar bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýar. Ba­za­ryň hususy kär­ha­na üçin esa­sy öňe sürýän ta­la­by işiň ne­ti­je­si hök­mün­de di­ňe bir önüm ön­dür­mek ýa-da hyz­mat et­mek bo­lup dur­man, eý­sem, ola­ryň gir­de­ji al­mak­la­ry­ny üp­jün et­me­gi bo­lup dur­ýar, ýag­ny gir­de­ji­ler el­my­da­ma çyk­da­jy­lar­dan ha­ra­jat edil­ýän seriş­de­ler­den ýo­ka­ry bol­ma­ly­dyr, sebäbi her bir telekeçiniň esasy maksady köp peýda gazanmak bolup durýar. Peýdany (P) hasaplamak üçin girdejiden (G) çykdajylary (Ç) aýyrmaly P=G – Ç.

Az harajat bilen näçe köp peýda alynsa, hususy kärhananyň düşewüntliligi şonça ýokary bolýar. Düşewüntliligi (D) tapmak üçin peýdany (P) çykdajylara bölüp 100% köpeltmeli.

D = x 100%

Telekeçiniň Peýda almak, düşewüntli işlemek üçin ýola goýan telekeçilik işi netijede halk üçin hem döwlet üçin hem bähbitli bolýar.

Me­ýil­na­ma­la­ýyn yk­dy­sa­dy­ýet­de müm­kin bol­du­gyn­dan köp möç­ber­de önüm goý­ber­mek ta­lap edil­ýär, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de bol­sa di­ňe bir önüm ön­dür­mek däl-de, eý­sem, ony ýer­le­mek hem-de önüm­çi­li­gi di­ňe önüm­le­re ke­pil­len­di­ri­len is­leg bo­lan ha­la­tyn­da gi­ňeltmek­li­giň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy nyg­tal­ýar.

Kär­ha­na­lar öz iş­le­ri­ni öz­baş­dak esas­da ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar.

Ho­ja­ly­gy ýö­ret­me­giň ba­zar şert­le­rin­de kär­ha­na­nyň hä­si­ýe­ti üýt­ge­ýär, bu öz­ge­riş­ler onuň işi­niň köp ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar.

Is­len­dik kär­ha­na gur­ma­çy­lyk-hu­kuk we eýe­çi­lik gör­nü­şi­ne, pu­dak­la­ýyn ta­byn­ly­gy­na, ön­dür­ýän önüm­le­ri­ne ýa-da hö­dür­le­ýän hyzmat­la­ry­na ga­ra­maz­dan, açyk yk­dy­sa­dy ul­gam bo­lup dur­ýar, ony aşak­da­ky ter­tip­de gör­kezmek bo­lar:

1-nji bö­lek — esa­sy we­zi­pe­si se­riş­de­le­ri özgert­mek bo­lan kär­ha­na;

2-nji bö­lek — gi­riş­dä­ki se­riş­de­ler, ýag­ny zäh­met, mad­dy, ma­li­ýe se­riş­de­le­ri;

3-nji bö­lek — çy­kyş­da­ky se­riş­de­ler, ýagny öz­ger­di­len se­riş­de­ler — taý­ýar önüm­ler, önüm­çi­lik ga­lyn­dy­la­ry, gir­de­ji, pul se­riş­de­le­ri;

4-nji bö­lek — kär­ha­na­nyň ara­gat­na­şyk sakla­ýan dur­muş gur­şa­wy, ýag­ny döw­let gu­ra­mala­ry we ka­nun­çy­lyk;

5-nji bö­lek — te­bi­gy gur­şaw, ýag­ny te­bi­gy se­riş­de­le­ri, ga­zy­lyp alyn­ýan baý­lyk­la­ry, ho­wany, su­wy sarp et­mek;

6-njy bö­lek — ba­zar bi­len öza­ra ara­gat­na­şyk we mar­ke­ting, bu bö­lek se­riş­de­le­riň gi­ri­şin­de, şeý­le hem çy­ky­şyn­da öza­ra he­re­ket ed­ýär;

7-nji bö­lek — se­riş­de­le­riň çy­kyş­da we giriş­de öza­ra gat­na­şy­gy kär­ha­na­nyň yk­dy­sa­dy işi­ni we kär­ha­na­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni eme­le ge­tir­ýär.

Ýo­kar­da, kär­ha­na­nyň ba­zar şert­le­rin­de iki sa­ny we­zi­pä­ni, önüm ön­dür­mek­li­gi we ony sat­mak­ly­gy ýe­ri­ne ýe­tir­ýän­di­gi bel­le­ni­lip geçi­lip­di. Bu şert­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­liş de­re­je­si kär­ha­na­nyň ös­me­gi­ne ýa-da pese düşmegine öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Nä­me ön­dür­mek­li­giň zerur­ly­gy­ny bil­mek üçin (nä­hi­li gör­nüş­de, nä­çe möç­ber­de) hem-de se­riş­de­le­riň sarp edil­megin­den öň, kär­ha­na ba­za­ry öw­ren­me­li, ýagny mar­ke­ting bi­len meş­gul­lan­ma­ly. Kär­ha­na mar­ke­ting bi­len el­my­da­ma önüm­le­riň ön­düril­me­gin­den öň we ola­ry ýer­leş­dir­me­giň barşyn­da meş­gul­lan­ma­ly­dyr. Çöz­güt ka­bul et­mek üçin anyk mag­lu­mat­la­ry top­la­mak we sel­jer­mek ze­rur­dyr, bu we­zi­pe­ler aşak­da­ky ze­rur­lyk­la­ry öz içi­ne al­ýar:

• Ha­ryt­la­ryň hä­si­ýet­na­ma­sy: olar ahyr­ky ýada ara­lyk sarp ediş ha­ryt­la­ry­ny, taý­ýar önüm ýa-da ýa­rym fab­ri­kat­my, hyz­mat ediş ul­ga­my ze­rur­my, sarp edi­ji üçin ba­ha ka­bul eder­lik­limi, bäs­deş­le­riň mak­sa­dy nä­hi­li;

• Ba­za­ryň umu­my hä­si­ýet­na­ma­sy: sarp edi­jile­riň sa­ny, ha­ryt sa­tyn al­mak bo­ýun­ça is­leg­ler, aly­jy­la­ryň ha­ry­da üp­jün edi­liş şert­le­ri­ne we möh­le­di­ne bo­lan ga­raý­şy, bäs­deş­le­riň sa­tuw bo­ýun­ça şert­le­ri;

• Ha­ryt­la­ry ýaý­rat­mak bo­ýun­ça ugur­lar: önüm ön­dü­ri­ji­ler bi­len sarp edi­ji­le­riň ara­syn­da dellal­la­ryň bol­ma­gy, ola­ryň möç­be­ri;

• Ba­za­ryň anyk ýag­da­ýy: bäs­deş­li­giň maz­muny we de­re­je­si, ha­ryt­la­ry ön­dü­ri­ji­le­riň ara­synda bäs­deş­lik bar­my we onuň de­re­je­si nä­hi­li;

• Mar­ke­ting ug­ry bo­ýun­ça do­lan­dy­ryş işi­niň de­re­je­si: şe­re­ke­tiň içer­ki we da­şar­ky ba­zar­larda­ky ýag­da­ýy­ny göz öňün­de tut­ýan uzak möhlet­le­ýin mak­sat­la­ry (10-15 ýyl) we onuň ösüş me­ýil­le­ri;

Bu mak­sat­la­ry ga­zan­mak üçin ze­rur bo­lan ma­li­ýe, mad­dy we beý­le­ki se­riş­de­ler; şe­re­ke­tiň gel­je­gi bol­jak mak­sat­la­ry (5 ýy­la çen­li) we şunda ýü­ze çy­kyp bil­jek we­zi­pe­le­ri hem-de ola­ryň ze­rur bo­lan se­riş­de­ler bi­len üp­jün­çi­li­gi; uzak möh­let­le­ýin stra­te­gi­ki mak­sat­la­ra ters gelme­ýän, ba­zar kon­ýek­tu­ra­sy ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­ýän gün­de­lik mak­sat­la­ry we we­zi­pe­le­ri.

Önüm­çi­lik­de we mar­ke­ting sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ma­gyň bar­şyn­da, önüm­le­riň bazar­da­ky do­la­ny­şyk sik­li­ni göz öňün­de tut­mak ze­rur­dyr.

Kär­ha­na­nyň dü­şe­wünt­li, dü­şe­wünt­siz ýada di­ňe özü­ni ödäp iş­le­ýän­di­gi se­riş­de­le­ri özgert­me­giň gör­nüş­le­ri­ne we usul­la­ry­na bag­ly bo­lup, onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni hu­su­sy we umu­my gör­ke­zi­ji­ler bi­len kes­git­le­mek müm­kin­dir.

Se­riş­de­le­ri gaý­ta­dan öz­ger­tmek ha­dy­sa­synyň aňy­r­syn­da, bi­rin­ji bö­lek­de nä­me giz­lenýär? Se­riş­de­le­riň gaý­ta­dan öz­ger­me­gi­niň kärha­na­nyň çäk­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi üçin ol kes­git­li gur­lu­şa eýe bol­ma­ly­dyr, on­da anyk pro­ses­ler bo­lup geç­me­li­dir, önüm­çi­li­gi gu­ramak we do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça kes­git­li we­zipe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­li­dir.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.